Käşir — aralyk ekin

18 Iýun 2024
715

Ýurdumyzda käşir, esasan-da, ýaz we güýz aýlary ösdürilip ýetişdirilýär. Käşir ekmek üçin aralyk, ýeňil toprakly, organiki we mineral maddalara baý, haşal otlardan, zyýankeşlerden arassa toprak saýlanyp alynýar.

Käşiri ekmek üçin toprak taýýarlananda, oňa degişli mukdardaky ders berlip, ýerler 30 — 35 santimetr sürülýär. Sürümden soň ýerleriň ýüzi dik-kese tekizlenip joýa çekilýär we tagt suwy berilýär. Tagt suwdan soň ýerler taba gelende dik-kese çizel borona geçirilýär we täzeden 70 santimetr aralygy bolan joýa çekilýär. Yzgarly ýere tohum ekseň tiz we endigan gögeriş berýär.

Begnazar RAHMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.