Baýramalyda bir bag bar...

19 Iýun 2024
981

(Oçerk)

Bagyň bagbany bolmasa, bitmejegi düşnükli. Ýöne bagyň bagdan tapawutly bolşy ýaly, bagbany-da bagbandan saýlaýan tär-gylyk, işe çemeleşiş, zähmet usuly bar. Mary welaýaty bag-bakja gezek gelende, köpe nusga bolup biljek bagbanlary bilen belli. Şol däp-düzgün häzirem ýörgünli. Ynha, gadymy kitaplarda, gulak gerdirýän dessanlarda, goşgy-gazallarda «Zemin üstündäki Erem bagy» diýlen gözelligi döredýän ussatlar hakynda gürrüň gozgalsa, Murgap jülgesiniň aglaba ýerinde: «Baýramala baryň, Döwletjan bagban bardyr!» diýler.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.