"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ekerançylaryň yhlasly zähmeti

Welaýatymyzyň dürli künjeklerinde bugdaýdyr gowaçadan başga-da ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Akdepe etrabynyň «Şabat» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň durmuşa geçirýän işleri hem-de gazanýan guwandyryjy netijeleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada daýhan birleşiginiň başlygy Polat Žumabaýew şeýle gürrüň berdi:  — Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy öz topragymyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek barada öňde goýýan wezipeleriniň, berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak üçin birleşigimiziň kärendeçi daýhanlarynyň ýylyň-ýylyna yhlasly zähmet çekýändikleri biziň ählimizi örän guwandyrýar. Olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurda alyp barýan işleri hem oňat netijeleri berýär. Muny zähmetsöýer ekerançylarymyzyň şu günlerde ýetişdirilen ýeralma hasylyny ýygnamakda, gök-bakja ekinlerine ideg etmekde bitirýän işleri-de aýdyň tassyklaýar.

Daýhan yhlasyndan Watan gülleýär

Bu gün türkmen daýhany sahawatly topragymyzdan gallanyň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak däne tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli berjaý etdi. Şeýle üstünlik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanýan ussat kärendeçileriň, hususy önüm öndürijileriň, mehanizatorlaryň, bu ugurdan ylmy işleri alyp barýan alymlaryň, gallany ösdürip ýetişdirmekde we ony ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir adamyň agzybirlikli zähmeti netijesinde gazanyldy. 12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul eden pursatlaryny teleýaýlym arkaly synlan her bir türkmenistanlynyň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň barha berkidilýändigine bolan ynamy artyp, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesiniň häzirki döwrüň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gallaçylyk pudagynda hem uly zähmet ýeňişleriniň gazanylýandygyna buýsançlary goşalandy.

Lebaply gallaçylaryň uly zähmet ýeňşi

Hoş habaryň ganaty bar. Geçen hepdede ýurdumyzyň gallaçylary 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu gazanylan zähmet ýeňşine beýleki welaýatlar bilen birlikde lebaply gallaçylar hem uly goşantlaryny goşdular. Olar Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Gallaçylarymyz öz gazanan zähmet ýeňişlerini Milli Liderimiziň başlangyjyny goýan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän oba hojalyk özgertmeleri bilen baglanyşdyrýarlar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda 2020-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli döwürde her ýylda 1 million 400 müň tonna möçberde bugdaý hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ýurdumyzyň şu azyklyk önüme bolan zerurlygyny kanagatlandyrmaga, beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini köpeltmäge mümkinçilik berýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar. Şonuň bilen sazlaşyklylykda halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty hem has rowaçlanýar. Azyklyk önümleriň iň naýbaşysy bolan çöregiň bolçulygyn

Daýhanlaryň daýanjy

Ereşbaý ÝAÝLYÝEW, Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi:

Mynasyp paýymyz bar

Merdan HAKYÝEW, Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginiň başlygy:

Arzyly sepgide yhlas bilen ýetildi

Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy ösüşleriň belent menzillerine tarap ynamly öňe barýar. Janypkeş daýhanlaryň yhlasly zähmetine, kämil tehnikalaryň kuwwatly güýjüne daýanylyp, bu pudakda ýylsaýyn ýokary üstünlikler gazanylýar. Janypkeş babadaýhanlar ene ýerden gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almagy başarýarlar. Welaýatymyzyň gallaçylary bugdaý oragyny hem netijeli jemlediler. Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky görkezen netijeleri hem aýratyn öwgä mynasypdyr. Ilkinjileriň hatarynda şeýle zähmet ýeňşini gazanmagyň syrlary hakynda daýhan birleşiginiň başlygy Serdar Hudaýberdiýew bilen söhbetdeş bolduk: — Serdar, söhbedimizi türkmeniň akyldar şahyrynyň adyny göterýän daýhan birleşigiňiziň bugdaý hasylyny ýetişdirmekde şu ýylky gazanan sepgitlerinden başlaýaly.

Baglar — ömrümiň manysy

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ganatly şygaryndan ruhlanyp, men bereketli topragymyzda miweli baglary köpeltmek ugrunda derwaýys işleri alyp barýaryn. Häzir meniň şahsy mellegimde daşary döwletlerden getirilen miweli baglaryň 130-a golaýy bar. Olaryň hatarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatyndan getirilen içi çigitsiz üzümleriň «Awatar», «Helloin» görnüşlerini, Italiýadan getirilen gara erigi, Fransiýada we Moldowada bitýän «UFO-4» görnüşli şetdalyny, garalynyň dürli görnüşlerini, aýratyn-da amerikanlaryň «Berbanik» atly äpet garalysyny belläsim gelýär. Bu baglaryň aglabasy indi birnäçe ýyldan bäri bol hasyl berýär.

Ýaşlar ýeňişli ýollarda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň ähli ugurlary boýunça gazanylýan zähmet ýeňişlerinde ýaşlaryň mynasyp paýy bardyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryndan, döwrümiziň ýalkymyndan we ýalkawyndan ruhlanýan bagtyýar ýaşlar öz saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmak bilen, belent sepgitleri eýeleýärler. Biz gazetimiziň ýörite sahypasyny welaýatymyzyň oba hojalygy pudagynda, bilim, medeniýet, sport ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlarynyň durmuşyna bagyşladyk. Welaýatymyzda oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleriniň aglabasynyň ýaşlar bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Olar ene ýere yhlasyny siňdirip, bol hasyl almakda ýokary görkezijileri gazanýarlar. Şu ýyl etrabymyzyň ýaş gallaçy kärendeçileriniň iş depginlerini has-da ýokarlandyrandyklaryny nygtamak gerek.

Galla — 2024

Harmanyňyza bereket, babadaýhanlar! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Watan harmanyna 345 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý dänesini tabşyran welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçy kärendeçileri galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli amal etdiler.

Üzümçilik — düşewüntli ekin

Ussat bagban Şu günler ekerançylyk meýdanlarynda bolanyňda oba zähmetkeşleriniň hormatly Prezidentimiziň ýerden bereketli hasyl almak, azyk bolçulygyny ösdürmek baradaky edýän aladalaryna yhlasly zähmetleri bilen jogap berýändiklerine göz ýetirýärsiň. Tutanýerliligi, işjanlylygy bilen tapawutlanyp zähmet çekýän bagbanlaryň biri hem Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň ýaşaýjysy Kakajan Akmämmedowdyr. Bagban 20 ýyla golaý wagt bäri üzümçilik bilen meşgullanyp, ýeterlik tejribe toplapdyr.

Datly bakja önümleri

Bol hasylyň aladasy Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, bazarlarymyzy gök, bakja we miwe önümleri bilen doly üpjün etmek baradaky talaplaryna mynasyp zähmetleri bilen jogap bermegi maksat edinýän welaýatymyzyň kärendeçi daýhanlary Garagum derýasynyň boýundaky mes toprakly meýdanlarda, beýleki oba hojalyk ekinleri bilen birlikde, bakja ekinleriniň hem bol hasylyny ösdürip, kemala getirmegi başarýarlar. 

Galla aldym — gala aldym

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly günlerinde ýurdumyzyň edermen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar guşgursak ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny öndürip, Watan harmanyna goşdular. Gallaçylarymyzyň zähmet ýeňşinde Ahal welaýatynyň janypkeş daýhanlarynyň hem saldamly paýy bar. Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary ýokary hasyl öndürmek üçin turuwbaşdan yhlasly, tutanýerli zähmet çekdiler. Ähli agrotehniki çäreleri wagtynda berjaý etdiler. Ekine ideg etmek, zyýankeşlere garşy göreşmek ýaly jogapkärli işlerde ylmyň gazananlaryna we ozalky ýyllarda toplan tejribelerine daýandylar. Döwlet tarapyndan goldaw-hemaýatlaryň berilmegi, ylaýta-da, tehniki hyzmatlar, suw, mineral dökünler, beýleki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilmegi meýdan işlerini göwnejaý alyp barmaga hem-de bol hasyly kemala getirmäge itergi boldy. Amatly howa şertleri, ygally günler hem sahawatly topragyň berekedini bolluk bilen eçilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gallanyň satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanyň işe höwesini artdyryp, galla oragyna ýokary taýýarlyklar bilen başlamaga we zähmet ýeňşini gazanmaga ruhubelentlik berdi. Ine, bu şanly günlerde gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan üstünligi, arzyly sepgidi olaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendiginiň güwäsidir, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmel

1 million 400 müň tonnadan gowrak türkmen bugdaýy taýýar

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. «Oguz han» köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy. Dabarada milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere uly üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.

Edermen gallaçylaryň zähmet ýeňşi

«Hoş habaryň ganaty bar» diýleni. Parahat asmanly abadan ýurdumyzda zähmet mukamy bilen bagtyýarlyk mukamy sazlaşykly ýaňlanyp, geljegine ynamly garaýan hem-de ony yhlasy bilen gurýan ildeşlerimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanýan üstünlikleri baradaky hoş habarlar hem Diýarymyza tiz dolýar. Watanymyza söýgüsini onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ony ösdürmäge gönükdirilen işlerde aýan edýän, yhlasyny, tagallasyny ene topraga hyzmat edip, bol hasyl alyp dabaralandyrýan gallaçylarymyzyň gazanan üstünligi baradaky hoş habar hem ilimize doldy. Hawa, gallaçylarymyz gutlanylmaga mynasyp zähmet edermenligini görkezdiler. Olar Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň bol hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmek bilen, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Bu üstünlik ýurdumyzyň diňe bir ak bugdaýyň däl, eýsem, ak bugdaýyň bol hasylyny alyp bilýän janypkeş, zähmetsöýer, edermen daýhanlaryň hem Watanydygyny ýene-de bir gezek dabaralandyrdy.

Erjelligiň nusgasy

Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň, daýhanlara berilýän yzygiderli döwlet goldawlarynyň oňyn netije berýändigine Ahal welaýatynda alnyp barylýan işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda yhlas siňdirilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, gowaçaly meýdanlaryň idegini ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän welaýatyň janypkeş daýhanlarynyň azaby ýerine düşýär. Ahally gallaçylar 195 müň gektarda ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýy gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, möwsümiň ilkinji günlerinden oragy gyzgalaňly alyp barýarlar. Bu işde täze tehnologiýaly däne orujy kombaýnlaryň 447-sinden netijeli peýdalanylýar. Işleriň sazlaşykly we guramaçylykly alnyp barylmagy netijesinde welaýatyň Gökdepe, Babadaýhan etraplarynyň ak ekin ussatlary ilkinjileriň hatarynda arzyly pellehana ýetdiler. Gökdepeli gallaçylar ak bugdaýyň 20 müň 100 tonnadan, babadaýhanly hasyl ussatlary 60 müň 700 tonnadan gowragyny harmana goşup, şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde geldiler.

Irki käşiriň hasyly ýygnalýar

Etrabymyzyň ekerançylary beýleki ekinler bilen bir hatarda her ýyl gök ekinleriň hem bereketli hasylyny ýetişdirýärler. Ýeri gelende aýtsak, etrabymyz ýurdumyz boýunça hem iri gök ekerançylyk etraplarynyň biri hökmünde tanalýar. Şu ýyl etrabymyz boýunça 140 gektar meýdanda käşir ýetişdirmek bellenildi. Şonuň saldamly bölegi irki käşirdir. Etrabymyz boýunça irki käşiriň 2 müň 520 tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagta çenli etrabymyz boýunça irki käşiriň 2 müň 525 tonnasy ýygnaldy. Irki käşiriň hasylyny ýygnamak işi dowam edýär.

Hojalygyň işi ileri

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Azatgeldi Baýjanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Nusgawy meýdan» daýhan hojalygynyň tejribeli işgärleri ýylyň-ýylyna bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, ýokary zähmet ýeňişlerini gazanýarlar. Daýhan hojalygynyň kärendeçileri şu ýyl 1 müň 800 gektarda ekilen bugdaýly meýdanlardan 5 müň 33 tonna däne alyp, bellenilen meýilnamalaryny 175 göterim ýerine ýetirdiler. Şeýle hem şu ýyl hojalygyň daýhanlary 100 gektar meýdana ýeralma, 25 gektar meýdana sogan, 450 gektar ýere gowaça ekdiler. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda ideg işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Daýhan hojalygynyň kärendeçileri kuwwatly tehnikalardan ýerlikli peýdalanmak bilen ekinleriň hasyllylygynyň artmagy üçin agrotehnikanyň kadalarynyň talabalaýyk berjaý edilmegini gazanýarlar. Şeýle bolansoň, hojalygyň janypkeş işgärleriniň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet harmanyna oba hojalyk önümleriniň müňlerçe tonnasy tabşyrylýar.

Miwesi datly baglar

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Täze durmuş» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbanlary Dädebaý Öwezgeldiýewiň, Hudaýberdi Narlyýewiň baglaryny synlan adamlar: «Tüweleme, her ýerde ussat bagbanlar bar-ow!» diýýärler. Beýle diýmezçe hem däl. Yhlas bilen ideg edilip ýetişdirilen baglar görenleriň gözüni dokundyrýar. Dädebaý Öwezgeldiýewiň 12 gektar bag ýeri bar. Ol indi ençeme ýyllardan bäri özüniň kärendesine alan ýerinde her ýyl erigiň, almanyň, armydyň, garalynyň bereketli hasylyny ýetişdirýär.

Gallaçynyň aýasy...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň kesewini dürtseň gögerdýän keremli topragynyň haýsy künjüne barsaň-da, ygşyldap oturan gallaly meýdanlara gabat gelýärsiň. Magtymguly Pyragy: «Owwal Adam indi dünýä, bu dünýäni ekip geçdi» diýip, öz goşgusynda belleýär. Bu setirlerde ynsanyýet ýaşaýşynyň hemme döwürlerinde hem ynsan balasynyň ene toprak bilen bagry badaşyp, şonuň bilen eklenip gelendigi beýan edilýär. Ekerançylyk medeniýetiniň gitdigiçe kämilleşip, saýlantgy tohumlaryň seleksiýalary döredilipdir. Diňe bir taryhy maglumatlar däl, eýsem, türkmen halk döredijiligine ser salsaň-da, ekerançylyk baradaky nakyllary, atalar sözlerini, sanawaçlary, aýtgylary näçe diýseň tapyp bolýar.

Gowaçalara ösüş suwy tutulýar

Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri 18 müň gektar ýerde gowaçanyň idegini kemsiz berjaý edýärler. Gün-günden kadaly boý alyp, atyzlara gelşik berýän gowaçalar goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, ösüş suwy tutulýar. Etrabyň gowaça meýdanlaryna ene ýaplardan gelýän, şeýle hem suw sorujylaryň kömegi bilen ösüş suwy tutulýar. Şunda «Köneürgençsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygyna degişli suw sorujylaryň 30-dan gowragy hereket edýär. Her bir suw soruja jogapkär hünärmenler, işçiler berkidilip, olaryň saz-gurat işlemegini gazanýarlar. Gowaça meýdanlaryna suw tutmak işlerine daýhan birleşikleriniň topar ýolbaşçylary, miraplary gözegçilik edýärler. Şonuň netijesinde, her gün 600 gektara golaý ýerde gowaça meýdanlaryna ösüş suwy tutulýar. Gowaçalara talabalaýyk ideg etmekde etrabyň «Akgala», «Täzegüýç», «Akderýa», «Galkynyş», «Bereket», «Pagtaçy» daýhan birleşikleri has-da tapawutlanýarlar.