Gowaçalara ösüş suwy tutulýar

16 Iýul 2024
589

Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri 18 müň gektar ýerde gowaçanyň idegini kemsiz berjaý edýärler. Gün-günden kadaly boý alyp, atyzlara gelşik berýän gowaçalar goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, ösüş suwy tutulýar. Etrabyň gowaça meýdanlaryna ene ýaplardan gelýän, şeýle hem suw sorujylaryň kömegi bilen ösüş suwy tutulýar. Şunda «Köneürgençsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygyna degişli suw sorujylaryň 30-dan gowragy hereket edýär. Her bir suw soruja jogapkär hünärmenler, işçiler berkidilip, olaryň saz-gurat işlemegini gazanýarlar. Gowaça meýdanlaryna suw tutmak işlerine daýhan birleşikleriniň topar ýolbaşçylary, miraplary gözegçilik edýärler. Şonuň netijesinde, her gün 600 gektara golaý ýerde gowaça meýdanlaryna ösüş suwy tutulýar. Gowaçalara talabalaýyk ideg etmekde etrabyň «Akgala», «Täzegüýç», «Akderýa», «Galkynyş», «Bereket», «Pagtaçy» daýhan birleşikleri has-da tapawutlanýarlar.

Ýörite habarçymyz.