Welaýatymyzyň dürli künjeklerinde bugdaýdyr gowaçadan başga-da ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Akdepe etrabynyň «Şabat» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň durmuşa geçirýän işleri hem-de gazanýan guwandyryjy netijeleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada daýhan birleşiginiň başlygy Polat Žumabaýew şeýle gürrüň berdi:
— Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy öz topragymyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek barada öňde goýýan wezipeleriniň, berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak üçin birleşigimiziň kärendeçi daýhanlarynyň ýylyň-ýylyna yhlasly zähmet çekýändikleri biziň ählimizi örän guwandyrýar. Olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurda alyp barýan işleri hem oňat netijeleri berýär. Muny zähmetsöýer ekerançylarymyzyň şu günlerde ýetişdirilen ýeralma hasylyny ýygnamakda, gök-bakja ekinlerine ideg etmekde bitirýän işleri-de aýdyň tassyklaýar.