"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Tehnikalar taýýarlyk hatarynda

Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri öňde duran jogapkärli möwsüme — gowaça ekişine taýýarlykly barýarlar. Ekişe agrotehniki möhletde başlamakda we gysga wagtda tamamlamakda ekiji tehnikalaryň orny uludyr. Muňa oňat düşünýän etrabymyzyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri ýaz ekişine gatnaşdyryljak traktorlary we gurallary möwsüme taýýarlamakda yhlaslylyk görkezýärler. Olaryň tagallasy bilen tehnikalardyr ekijiler doly ýagdaýda taýýarlyk hatarynda goýulýar. Ýaz ekişine gatnaşdyryljak tehnikalaryň tejribeli mehanizatorlara berkidilmeginiň ähmiýeti uludyr. Munuň özi ekişiň ýokary talaplara laýyklykda, bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda möwsüme gatnaşmaly tehnikalaryň sany doly kesgitlenip, ýokary öndürijilikli traktorlar bu ugurda ýeterlik iş tejribesi bolan mehanizatorlara berkidildi. Bu tehnikalar ekişiň ilkinji günlerinden daýhanlaryň ygtybarly daýanjyna öwrüler.

Topraga siňen yhlas

Kärendesine ýer almak üçin Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan birleşigine gelen Hangeldiniň islegi kanagatlandyrylanda, ol guş bolup uçupdy. Topraga yhlas etseň, seni dilgir etmeýär. Oňa siňdiren yhlasyň bol hasyl bolup gaýdyp gelýär. Bu hakykata oňat düşünýän Hangeldi işini, ilki bilen, özüne bölünip berlen ýeri öwrenmekden başlady. Bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg etdi. Şeýdibem, ene toprakdan bol hasyl almagyň usullaryny kemsiz özleşdirdi. Hangeldi geçen ýylda ideg eden 2 gektar kärende ýerinden 10 tonna golaý guşgursak däne alyp, Watan harmanyna tabşyrdy.

Baglaryň melikesi

Bahar. Bag. Gözellik. Zenan. Bu sözleriň arasyndaky baglanyşygy düşündirmek üçin uzyndan-uzyn sözlemleri, hatar-hatar setirleri biri-biriniň yzyndan tirkäp oturmagyň hajaty hem ýok. Bu baglanyşyk şeýle-de düşnükli. Şonuň üçin hem baharyň goýnundaky ilkinji baýramlaryň birini zenanlarymyza bagyşladyk. Tebigatyň şu baýramyň ― Halkara zenanlar gününiň bellenilýän uçurlaryndaky gözelligini ýylyň başga hiç bir möwsümi bilen deňär ýaly däl. Şol günlerde tutuş tebigat ― baglaram, daglaram, sähralaram güllere bürenýär. Göwnüňe bolmasa, bütin barlyk zenanlara tagzym edýär. Onsoň adam ogly dagy nämejik?! Sizi turuwbaşdan pelsepewi oýlaryň jümmüşine alyp gitmegimiz ýönelige däl. Çünki şu ýazgylaryň ýazylmagyna sebäp bolan günde biz baglaryň we zenan elinden döreýän gözelligiň janly şaýady bolduk. Özi-de uzakda däl, Türkmenabatdan bary-ýogy birnäçe kilometr uzaklykdaky Miweçiler obasynda.

Jogapkärli möwsüme taýýarlyk

GIŇ GERIMLI IŞLER«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde welaýatymyzyň ähli ýerlerinde golaýlap gelýän ýazky gowaça ekişi möwsümine taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Zähmetsöýer babadaýhanlar özleriniň gözegçiligindäki meýdanlarynda ähli zerur çäreleri ýokary hilli geçirmek ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Munuň özi şu ýylyň bereketli hasylynyň berkden tutulyp, onuň bu babatdaky guwandyryjy netijelere beslenmegine şert döredýär. Şeýle belent maksatlary öz öňlerinde goýýan S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Medeniýet» daýhan birleşiginiň kärendeçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýunyň toýlanýan ýylynda uly zähmet üstünliklerini gazanmak ugrunda şu günlerden gaýratly zähmet çekýärler. Olar gowaça ekişiniň geçirilmegi göz öňünde tutulan 450 gektar ýeri möwsüme taýýarlamak işlerini batly depginde dowam etdirýärler. Häzirki wagtda ekişe taýýar edilen ýerlerde suw tutmak işi alnyp barylýar. Hojalykda suw sorujy enjamlaryň 10-dan gowragy hereket edýär. Olaryň bökdençsiz işledilmegi, degişli jogapkär hünärmenleriň gözegçilik etmegi netijesinde suw tutulan ýerleriň gektar sany barha artýar. Çynar BERDIKULYÝEWA,TAP-niň welaýat komitetiniň baş hünärmeni. * * *

Şu günki hereket — ertirki bereket

«Ýer berseň akary bilen, mal berseň bakary bilen» diýen ata-babalarymyzyň dana hikmetine uýýan babadaýhanlarymyzyň şu günlerde aladalary ýetik. Ýere yhlas edip, onuň ideginde gujur-gaýratlaryny gaýgyrmazdan çeken janypkeşlikli zähmetleri Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň bugdaý öndürmekde gowy netijeleri gazanmaklaryna mümkinçilik berýär. Hojalykda şu ýylyň bereketli hasyly üçin geçen ýylyň güýz aýlarynda 1280 gektar ýerde bugdaý ekişi geçirilip, ýokary hilli gögeriş gazanylypdyr. Şonça gektar ýere daýhançylykda baý iş tejribe toplan kärendeçileriň 482-si eýeçilik gözi bilen garap, ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk berjaý edýärler. — Daýhan üçin ýylyň islendik wagtynda edere iş tapylýar. Ýagny ýapdyr salmalary arassalamaly, esasan hem, gyş paslynda ak ekinleriň idegini ýetirmeli bolýar. Saçaklarymyzyň rysgal-berekedi hasaplanylýan bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip kemala getirilmegine birleşigimizde uly ähmiýet berilýär. Gallaçy kärendeçilerimiziň her bir işiň abyny-tabyny kemsiz ele alyp, işjeňlik görkezmekleri netijesinde, her ýyl tohum sepilen meýdanlarda boldumly hasyl ýetişdirilip, bugdaý öndürmekde has ýokary sepgitler eýelenilýär. Geçen ýyl hojalygymyzda orak möwsüminde 1260 gektar ýerden tejribeli gallaçy daýhanlaryň 516-synyň gaýratly zähmeti netijesinde, Watan harmanyna 1826 tonna bugdaý hasyl

Oba hojalyGY: täze hasylyň aladasy

Halkymyzda: «Ekin ekseň, bugdaý ek» diýlip aýdylan ajaýyp söz bar. Munuň özi ýurdumyzda bugdaýa uly sarpa goýulýandygyny alamatlandyrýar. Ýolöten etrabynyň «Momotaý» daýhan birleşiginiň kärendeçi zenany Dursunjemal Ýarykowa özüniň 2 gektar mülk ýerinde ekiniň bitginli hasylyny ýetişdirýär. Ol geçen ýylyň güýzünde mülk ýerine bugdaý ekdi. Yhlasly zähmeti netijesinde gowy gögeriş alyp, şu günler bugdaýy iýmitlendirmek, suw tutmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirýär. Ýylyň-ýylyna bereketli hasyl alyp, kärdeşlerine görelde bolmagy başarýan kärendeçi zenan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Watan harmanyna bol hasyl tabşyrmak ugrunda aladalanýar.

Bag — durmuşyň bezegi

Bag ekmegiň ähmiýeti «Köpri gurmak, ýol çekmek hem- -de bag ekmek örän sogap iş hasaplanýar. Bag ekmek dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdyr, ene topraga öz adyňy müdimilik ýazmakdyr» diýip, hormatly Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasynda belläp geçdi. Her ýylyň ýaz we güýz paslynda hormatly Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, ähli türkmen halkymyz bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşýar.

Ýokary hilli tohumlar

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň hilini gowulandyrmak baradaky tabşyryklary welaýatymyzyň obahojalykçylary tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, indi köp ýyllardan bäri bugdaýdan, gowaçadan we beýleki ekinlerden bol hasyl alnyp gelinýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ýaz ekişi möwsümi hem barha golaýlaýar. Bu jogapkärli günlerde gowaça ekiljek meýdanlar birkemsiz taýýarlanylýar. Wagtynda göwnejaý şüdügärlenen ýerlerde tekizleşik, geriş çekmek, suw tutmak işleri tejribeli adamlar tarapyndan üstünlikli berjaý edilýär. Şeýle derwaýys wezipelerde hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren ýokary iş öndürijilikli tehnikalaryndan, olaryň gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdaryny taýýarlamakda «Marypagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda abraýly işler berjaý edilýär. Munuň şeýledigine Türkmengala etrabyndaky Nurmuhammet Akmyradow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän döwrebap pagta arassalaýjy kärhanasynda durmuşa geçirilen işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Kuwwatlylygy möwsümde 40 müň tonna nah pagtany gaýtadan işlemäge ukyply bolan kärhanada taýýarlanylan tohumlyk gowaça çigidiniň 14 müň tonnadan gowragy ýapyk bassyrmalarda tygşytly ýerleşdirilip goýlupdyr. Tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak boýunça hünärmen Ýalkapmuhammet Meretd

IKEA-nyň öý ekinzarlygy

Öý şertlerinde gök önüm ýetişdirmek işine dünýä belli IKEA kompaniýasy hem goşuldy. Kompaniýanyň hödürlän «Öý ekinzarlygy» aşhanadaky sähelçe ýere ýerleşip biler. Özi-de ekin topraksyz ösdürilip ýetişdiriler. Bu kompaniýa mebel we öý bezegleri ugurlary boýunça dünýäde öňdebaryjy şereketleriň biri. Indi ol nirede ýaşaýandygyna garamazdan, gök önümi özi ýetişdirip iýmek isleýänler üçin hem önüm öndürýär. Bu önümçilikde gidrofon ulgamy ulanylýar.

Bäherden etrabyndan gowşan habarlar

Ýuwuş suwy tutulýar Etrabyň oba zähmetkeşleri ýerleri ýaz ekişine taýýarlamagyň çäklerinde ekin meýdanlarynda ýuwuş suwuny tutmak işini geçirmäge jogapkärli çemeleşýärler. Gowaçanyň düýbüni mäkäm tutmakda we bu ekiniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde ýuwuş suwuny talabalaýyk tutmagyň ähmiýeti örän uludyr. Muňa oňat düşünýän pagtaçy-kärendeçiler howanyň amatly şertlerinden ýerlikli peýdalanmak bilen, geçen ýyllarda toplanan tejribelerine daýanyp, ýuwuş suwuny degişli talaplara laýyklykda tutýarlar.

Bol hasylyň girewi

Welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bugdaýa ösüş suwuny tutmak, dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlaryň garşysyna göreşmek ýaly möwsümleýin işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Gahryman Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary bilen ruhlanyp zähmet çekýän Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň babadaýhanlary hem ene topraga hyzmat edip, ondan bol hasyl almakda netijeli işleri bitirýärler. Her bir işde belent sepgitlere eýe bolmagy maksat edinýän daýhan birleşiginiň oba hojalykçylary 2 müň 900 gektar meýdandaky bugdaý maýsalaryna agrotehniki idegi talabalaýyk ýola goýýarlar. Howanyň häzirki amatly günlerinde bugdaýly meýdanlary mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri gowşamaýan depginde dowam etdirilýär.

Tohum — hasylyň maýasy

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylary şaly ösdürip ýetişdirmekde köpýyllyk tejribä eýe. Olar ýylyň-ýylyna şalynyň bol hasylyny ýetişdirmek bilen, ilatyň saçagyna ýokary hilli azyklyk önümi hödürlemegiň hötdesinden gelýärler. Şalyçylarymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu gymmatly azyklyk ekini ekip, onuň bereketli hasylyny kemala getirmegi maksat edinýärler. Munuň üçin etrabyň tüwi öndürýän kärhanasynda ekiljek şalynyň tohumyny taýýarlamaga irgözinden girişildi. — Bilşimiz ýaly, her bir ekiniň hasyllylygy onuň tohumynyň hiline bagly bolýar. Şonuň üçin biziň kärhanamyzda tohum arassalaýan ýörite bölüm bar. Bu bölümiň işçi-hünärmenleri geçen ýylyň hasyly kabul edilip bolnandan soň, täze ýylyň ekişi üçin tohum taýýarlamak bilen meşgullanyp başladylar. Olar şu ýyl 1782 tonna arassa şaly tohumyny taýýarlamagy maksat edinýärler. Bölümde tohumlyk däneler ýörite enjamyň kömegi bilen arassalanýar we işler gije-gündiziň dowamynda 3 çalşykda alnyp barylýar. Tohumlyk dänäni arassalaýan enjamyň operatorlary Halmämmet Saparow, Guwanç Jemanow, işçiler Nurmyrat Kesäýew, Güýçgeldi Amangulyýew dagy öz işlerinde yhlaslylyk görkezýärler. Taýýarlanylýan tohumyň hili her gün barlagdan geçirilýär. Kärhananyň hil kesgitleýji hünärmeni Döwletmämmet Koşaýew öz işini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.

Zäh­met joş ur­ýar

Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da hal­kyň hal-ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­lar bi­len bir ha­tar­da oba ho­ja­lyk öz­gert­me­le­ri­ni üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­gyň kä­mil me­ha­nizm­le­ri hem iş­le­ni­lip dü­zül­di. Olar «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 ― 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» we Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da anyk be­ýan edil­di. Ýurtbaş­tu­ta­ny­my­zyň daý­han­la­ra ber­ýän gol­daw-he­ma­ýa­ty­na we­la­ýa­ty­my­zyň zäh­met­sö­ýer adam­la­ry hem öz­le­ri­niň tutanýerli zäh­me­ti bi­len jo­gap ber­ýär­ler. Olar oba­se­na­gat top­lu­my­ny, şeý­le hem oba ho­ja­ly­gy­ny döw­re­bap ös­dür­mek, düýp­li öz­gert­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Bu bi­ziň et­ra­by­my­zyň my­sa­lyn­da hem şeý­le­dir. Äh­li daý­han bir­le­şik­le­ri­miz­de joş­gun­ly zäh­met hö­küm sür­ýär. Daý­han ho­ja­lyk­la­ryn­da topragyň ha­syl­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri talabalaýyk ge­çir­mek, bug­da­ýy iý­mit­len­dir­mek we onuň ösüş su­wu­ny tut­mak ýa­ly jo­gap­kär­li işle­r birkemsiz ýerine ýetirildi­. Çün­ki gyş aý­la­ryn­da bu iş­le­riň göwnejaý ge­çi­ril­me­gi, top­ra­gyň şor­laş­ma­gy­na, zy­ýan­ly mör-mö­jek­le­riň ýok bol­ma­gy­na, go­wa­ça­dan alyn­ýan ha­sy­lyň art­ma­gy­na müm­kin­çi­l

Üzümi idetmegiň agrotehniki çäreleri

Halkymyzyň bereketli saçaklaryny ýokary hilli miweler, ir-iýmişler bilen üpjün etmekde üzüm hem mynasyp orny eýeleýär. Üzüm diňe bir terligine iýilmän, ol gaýtadan işlemäge, uzak aralyklara äkitmäge, häzirkizaman sowadyjy enjamlarda gyşyň soňky aýlaryna çenli saklamaga we halkymyzyň bu iýmite bolan islegini tutuş ýylyň dowamynda üpjün etmäge ýaramlydyr. Güneşli ülkämiziň rysgally topragynda öndürilýän üzüm özüniň jana şypaly, şirinden-şeker tagamy bilen meşhurdyr. Döwlet tarapyndan ýurdumyzyň üzümçilik pudagynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly ünsüň berilmegi üzümiň terligine iýilýän görnüşleriniň öndürilişiniň artmagyna, düzüminiň baýlaşmagyna we hiliniň gowulanmagyna uly itergi berdi.

Ekişe taýýarlyk

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň uly goldawyndan ruhlanyp welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli bolan etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň işgärleri hem ýere hyzmat etmek, täze ýerleri özleşdirmek işlerinde uly sepgitlere eýe bolýarlar. Pudagymyzyň işgärleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň agzalary Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp beren tehnikalaryny we gurallaryny önümçilikde ulanmakda uly işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde Arkadag Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda 2021-nji ýylyň pagta hasylynyň düýbini tutmak işlerini geçirmek üçin ýörite kebşirleýji enjamlar hem-de bejeriji ussalar, nobatçy awtoulaglar we tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň jogapkär hünärmenlerinden ybarat 77 sany ýörite sürüm topary döredildi. Şeýlelikde, welaýatymyz boýunça sürüm işlerine gatnaşmak üçin 316 sany sürüm traktorlary meýilleşdirildi. Bulardan başga-da pagta hasylynyň düýbüni tutmak işlerinde ulanyljak oba hojalyk gurallaryny, ýagny, gowaça ekijiler, kultiwatorlar, çuň ýer ýumşadyjylar, dişli boronolar etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň howlularyna ýygnalyp abatl

Hasyl idege bagly

Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy hem belent sepgitleri eýeleýär. Ýurdumyzda daýhanlara halal zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Özleri barada edilýän alada jogap edip daýhanlar bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, şeýle hem gök ekinleriň bol hasylyny ýetişdirýärler. Ýylyň-ýylyna ýokary hasyl almagy başarýan tejribeli kärendeçileriň biri hem Murgap etrabynyň «Murgap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kakajan Akmämmedowdyr. Ol daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän 8 gektar ýerinde üzümiň bereketli hasylyny ýetişdirýär. Kakajan aga üzüm ýetişdirmek işi bilen 15 ýyl bäri meşgullanýar. Geçen ýyllaryň içinde ýeterlik tejribe toplan kärendeçi bilen duşuşanymyzda köp ýyllyk ekin bolan üzümi ýetişdirip idetmek boýunça TAP-nyň Mary şäher, Murgap etrap birleşmeleri bilen bilelikde özara pikir alşyldy. Şonda K. Akmämmedow bu ekinden bol hasyl almagyň usullary barada şeýle gürrüň berdi:

Mülkdaryň batly gadamlary

Köneürgenç etrabynda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, azyk bolçulygyna uly goşant goşýan daýhan hojalyklary, mülkdarlar näçe diýseň bar. Olar özleriniň çekýän päk zähmetleri bilen her ýyl oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Şeýle mülkdarlaryň biri hem Gurbanmyrat Ýazmyradowdyr. «Akgala» daýhan birleşiginiň çäginden 3 gektar ýer mundan ýigrimi ýyl ozal Gurbanmyrat aga mülk edip berildi. Şondan bäri ol her ýyl özüniň mülk ýerinde däneli ekinleriň birnäçe görnüşini ösdürip ýetişdirýär. Mülkdaryň köp ýyllyk tejribesi ýerden bir ýylda iki hasyl almaga mümkinçilik berýär.

Garaşsyzlykdan galkynan pudak

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen, 30 ýyllyk taryhy döwrüň içinde ýurdumyz düýpli özgerişleri başdan geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda barha ösýän, halkara derejede abraý-mertebesi has belende galýan ýurdumyzyň ösüş-özgertmelere beslenýän ulgamlarynyň biri hem obasenagat toplumydyr. Ýurdumyzyň ilatynyň aglaba böleginiň obalarda ýaşaýandygyny hasaba alanymyzda, bu pudagyň milli ykdysadyýetimizde näderejede ähmiýetli orny eýeleýändigi öz-özünden düşnüklidir. Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, türkmen obalarynyň keşbi günsaýyn özgerip, zähmetsöýer daýhanlarymyz ýylyň-ýylyna gallanyň, pagtanyň we beýleki ekinleriň, miweleriň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny öndürip, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň pugtalanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Oba hojalygy: bahar aladalary

Taýýarlyk işleri ýaýbaňlanýar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň gyş pasly tamamlanyp, ýaz ekişi möwsümi golaý geldi. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny uly üstünliklere besläp welaýatymyzyň pagtaçylarydyr we gök ekerançylarydyr bakjaçylary häzirki wagt bereketli hasylyň düýbüni tutmak üçin meýdan işlerini güýçli depginlerde alyp barýarlar. Täze hasyl üçin ekin ekiljek ýerler şüdügärlenilýär, tekizlenýär, ýerli dökün, fosfor bilen gurplandyrylýar, geriş çekilýär, ekinara ýaplar arassalanylýar, atyzlaryň gyralaryna salmalardyr okaryklar çekilýär.

Şalgam

Şalgam diýlende, rus halk ertekisindäki ýerden gögerip çykan reňki gyzylymtyl-sary äpet şugundyr pisint ösümligi babadyr mamanyň dürli haýwanlar bilen çekip çykarjak boluşlary hemişe biziň göz öňümizde janlanýar. Şalgam atanakgüllüler maşgalasynyň kelemler urugyna degişli köki miweli ikiýyllyk gök ekindir. Ol ekilen ýylynda ýapraklap, düýp emele getirýär. Ikinji ýylynda baldak çykaryp gülleýär. Onuň gök miwesiniň düzüminde 8,5 – 16,9 göterim gurak maddalar, B1, B2 witaminleri, karotin, gorçisa ýagy bolýar. Ol iýmit hökmünde terligine, gaýnadylan we gowrulan görnüşlerinde iýilýär.