Tehnikalar taýýarlyk hatarynda

11 Mart 2021
1273

Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri öňde duran jogapkärli möwsüme — gowaça ekişine taýýarlykly barýarlar. Ekişe agrotehniki möhletde başlamakda we gysga wagtda tamamlamakda ekiji tehnikalaryň orny uludyr. Muňa oňat düşünýän etrabymyzyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri ýaz ekişine gatnaşdyryljak traktorlary we gurallary möwsüme taýýarlamakda yhlaslylyk görkezýärler. Olaryň tagallasy bilen tehnikalardyr ekijiler doly ýagdaýda taýýarlyk hatarynda goýulýar.

Ýaz ekişine gatnaşdyryljak tehnikalaryň tejribeli mehanizatorlara berkidilmeginiň ähmiýeti uludyr. Munuň özi ekişiň ýokary talaplara laýyklykda, bökdençsiz geçirilmegini üpjün edýär. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda möwsüme gatnaşmaly tehnikalaryň sany doly kesgitlenip, ýokary öndürijilikli traktorlar bu ugurda ýeterlik iş tejribesi bolan mehanizatorlara berkidildi. Bu tehnikalar ekişiň ilkinji günlerinden daýhanlaryň ygtybarly daýanjyna öwrüler.

Ogulgerek GURBANOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.