Zäh­met joş ur­ýar

3 Mart 2021
1269

Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da hal­kyň hal-ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­lar bi­len bir ha­tar­da oba ho­ja­lyk öz­gert­me­le­ri­ni üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­gyň kä­mil me­ha­nizm­le­ri hem iş­le­ni­lip dü­zül­di. Olar «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 ― 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» we Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da anyk be­ýan edil­di.

Ýurtbaş­tu­ta­ny­my­zyň daý­han­la­ra ber­ýän gol­daw-he­ma­ýa­ty­na we­la­ýa­ty­my­zyň zäh­met­sö­ýer adam­la­ry hem öz­le­ri­niň tutanýerli zäh­me­ti bi­len jo­gap ber­ýär­ler. Olar oba­se­na­gat top­lu­my­ny, şeý­le hem oba ho­ja­ly­gy­ny döw­re­bap ös­dür­mek, düýp­li öz­gert­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Bu bi­ziň et­ra­by­my­zyň my­sa­lyn­da hem şeý­le­dir. Äh­li daý­han bir­le­şik­le­ri­miz­de joş­gun­ly zäh­met hö­küm sür­ýär. Daý­han ho­ja­lyk­la­ryn­da topragyň ha­syl­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri talabalaýyk ge­çir­mek, bug­da­ýy iý­mit­len­dir­mek we onuň ösüş su­wu­ny tut­mak ýa­ly jo­gap­kär­li işle­r birkemsiz ýerine ýetirildi­. Çün­ki gyş aý­la­ryn­da bu iş­le­riň göwnejaý ge­çi­ril­me­gi, top­ra­gyň şor­laş­ma­gy­na, zy­ýan­ly mör-mö­jek­le­riň ýok bol­ma­gy­na, go­wa­ça­dan alyn­ýan ha­sy­lyň art­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň gyş su­wu­ny «gy­zyl suw» di­ýip at­lan­dyr­ma­gy hem şun­dan ge­lip çy­kan­dyr. Daý­han­çy­ly­gy öz­le­ri­ne kesp-kär edi­nen «Aş­ga­bat», «Me­kan», «Be­re­ket» daý­han bir­le­şik­le­ri­niň kä­ren­de­çi­le­ri­niň bu ugur­da­ky iş­le­ri aý­ra­tyn öw­gä my­na­syp­dyr.

Sül­gün JUMAÝEWA,
Türk­me­nis­ta­nyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň Dä­new et­rap ko­mi­te­ti­niň jo­gap­kär iş­gä­ri.