"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde durmuş-ykdysady görkezijiler, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek hem-de ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça görülýän netijeli çäreler barada hasabat berdi.

Oba hojalygy: ylma daýanýan işler

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek boýunça ylmy esasda amala aşyrylýan işler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna aýratyn bezeg berýär. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty jemgyýetiň, halk hojalygynyň durnukly ösýän şertlerinde amatly daşky gurşawy, türkmen tebigatynyň gözelligini, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi hem bu syýasatyň miwesidir.

Sähranyň bezegi

Daýhan zähmetiniň netijesi güýzde belli bolýan bolsa, maldaryň çeken zähmeti ýazda äşgär bolýar. Owlak-guzularyň mäleşýän sesleri bu ýyl çopan-çoluklaryň çeken zähmetiniň ýerine düşendiginden habar berýär. Hawa, Lebap welaýatynyň maldarlary şu ýyl gyşdan başy tükel alyp çykan 84 müň 373 ene goýunlaryndan 76 müň 865 guzy alyp, bu baradaky meýilnamany 100,3 göterim berjaý etdiler. Bu bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda maldarlaryň iki müňe golaý guzyny öňki ýyldakydan köp alandygyny görkezýär. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli bolan maldarçylyk hojalyklarynyň 8-sinde hem öz işine ussat, tejribeli çopanlar zähmet çekýärler. Oglanlygyndan malyň yzyna düşüp, ata kesbini dowam etdirýän ýaşlar her bir maldarçylyk hojalygynyň esasy daýanjy hasaplanýar. Şeýdip, maldarçylykda halypa-şägirt ýoly dowam etdirilýär. Ähli çopan toparlary maşgala agzalaryndan düzülip, maldarlar maşgalasy emele gelýär.

Möhüm möwsüme badalga

Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler Hormatly Prezidentimiziň tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, 31-nji martda Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertlerine görä, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar.

Daýhanyň daýanjy — Watanyň kuwwaty

— Hormatly Prezidentimiz golaýda şu ýylyň gowaça ekişine girişmäge ak pata berdi, il sylagly ýaşulular bolsa hut biziň ekin meýdanymyzda «bismilla» diýip, ekişe başlap berdiler. Bu waka toparymyzyň agzalarynda uly täsir galdyrdy. Biz üstümizdäki ýylda ekinlerden bol hasyl alyp, beýik senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýäris. Biziň söhbetdeşimiz Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň 4-nji kärendeçiler toparynyň baştutany Arzygül Mämmetkulyýewa. Ol gowaça ekişine girişilmegine bagyşlanan welaýat geňeş-maslahatynyň özünde galdyran täsirleri barada buýsanç bilen şeýle gürrüň berýär. Şeýle bolmazça hem däl. Şol gün welaýatymyzyň oba hojalyk hünärmenleri, belli ekerançylary, ussat mehanizatorlary öňdebaryjy toparyň agzalarynyň ekin meýdanlarynda bolup, daýhanlaryň ýerleri ekişe taýýarlamak, güýzlük bugdaýlara ideg etmek boýunça alyp barýan işleri bilen höwesli tanyşdylar. Şonda olarda ýer eýeleriniň bitiren işleri kanagatlanma duýgusyny döredipdi. Öz gezeginde tutumly maslahatyň geçýän ýerinde jemlenen kuwwatly oba hojalyk tehnikalary, iş gurallary daýhanlarda hem uly gyzyklanma döretdi. Täze, ýokary öndürijilikli tehnikalaryň gözýetime uzalyp gidýän hatarlary döwletimiziň möhüm pudagy ösdürmäge, daýhanlara goldamaga, ahyrky netijede bolsa oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge ilkinji derejeli üns berýändigine şaýat

Bagban bagyndan belli

Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky kararynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşýan bagbanlaryň biri-de Täçmämmet Goýçyýewdir. Ol welaýatymyzyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Ak altyn geňeşliginde ýaşaýar. Tejribeli daýhan Täçmämmet Goýçyýew häzir altmyşynyň onlugyny tegelän adam. Ussat bagban ogly Umyt bilen wagtynyň köp bölegini bag içinde geçirýär. Olar baglary hapa-haşal otlardan arassalamak, baglaryň düýbüni ýumşatmak ýaly işler bilen meşgullanýarlar. Bu bagbanlar maşgalasy häzir iki gektara golaý ýerde alma agajynyň 80, garalynyň 100, üljäniň 40, erigiň hem 150 düýbüne ideg edýärler. Bag ýetişdirmek hysyrdyly iş. Ýaşuly bagbana maşgala agzalary — ýanýoldaşy Aýsenem, ogly Umyt, gyzlary Dünýä, Dilber, Gülaýym dagy kömek edýärler.

Jogapkärli günler başlandy

Oba hojalygynda ekerançydyr maldarlar üçin ýylyň hemme paslam jogapkärli. Emma pagtaçy kärendeçiler üçin ýaz ekişiniň günleri ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Sebäbi geljekki hasylyň bereket-bolçulygy belli bir derejede ýaz ekişiniň gysga möhletde we ýokary hilli geçirilmegine bagly bolup durýar. Şonuň üçinem pagtaçy kärendeçiler döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtdan satyn alyp berýän ýokary öndürijilikli traktorlardyr oba hojalyk gurallaryndan netijeli peýdalanýarlar. Gowaça ekişine ak pata berilmegi bilen bu agrotehniki işi öz wagtynda we ýokary hilli tamamlamak maksady bilen etrabymyzda-da ýaz ekişi giň gerime eýe bolýar. Etrabymyzda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 6800 gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu möhüm iş etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu möhüm işden TDP-niň etrap komitetiniň işgärlerem çetde durmaýarlar.

Ekiniň hemdemi, ýeriň ýarany

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garagum çölünde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulanylyşa girizilmegi bellenilmäge mynasypdyr. Bu köl şor suwlaryň ýygnanyp, ekerançylyk ýerleriniň giňemegine, ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, ol ýurdumyzyň ekologiki ýagdaýyna oňaýly täsirini ýetirýär. Türkmen halky hemişe suwa sarpa goýupdyr. Suwy keramat hökmünde görüp, akar suwa salam beripdir. Suwuň her bir damjasynyň altyna deňelmegi hem ýöne ýere däldir. Ol tebigatda we adamyň durmuşynda juda ähmiýetli bolup, ýaşaýşymyzy bezeýär. «Suwsuz durmuş ýok, zähmetsiz rehnet», «Suwly ýer gülli, suwsuz ýer çölli», «Suw hasylyň enesidir», «Suw her zady päklär» diýlişi ýaly, suw durmuşymyzyň özeni bolup durýar. Ata-babalarymyz ekerançylyk, maldarçylyk bilen meşgul bolup, Onuň üçin bolsa suw ilkinji nobatda gerek bolupdyr. Olar guýulary, kärizleri gazyp, suw çykaryp, kak suwlaryny ýygnap, gün-güzeranlaryny görüpdirler. Kesewiňi dürtseň gögerýän türkmen topragynda geçmişde suwa eşrepi ýaly garapdyrlar.

Jogapkärli möwsüm

Gowaça ekişi oba hojalygynda jogapkärli möwsümleriň biri hasaplanýar. Täze hasylyň düýbüniň mäkäm tutulýan bu döwründe işiň hiline we ekişiň wagtynda alnyp barylmagyna uly ähmiýet degişlidir. Muňa oňat düşünýän Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna sowgatly barmagy maksat edinip, şu günler gowaça ekişine örän jogapkärli çemeleşýärler. Üstümizdäki ýylda etrap boýunça 34 müň gektar meýdana agrotehnikanyň kadalaryna, toprak-howa şertlerine gabat gelýän gowaçanyň ýokary hilli tohumyny, şol sanda gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 14», orta süýümli «Ýolöten — 39» we «Jeýhun» ýaly görnüşlerini ekmek meýilleşdirildi. Şonuň bilen baglanyşykly, etrapda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýar. Bu işler «Babadaýhan», «Agalaň», Ö.Japarow adyndaky, «Tejen», «Däneçilik» daýhan birleşiklerinde has gyzgalaňly dowam edýär.

Ösüşiň aýdyň ýoly

Ýurdumyzyň oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Gowaça ekişiniň dowam edýän häzirki günlerinde bu jogapkärli işde ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalaryň — dürli kysymly traktorlaryň, ekijileriň, hatararalaryny bejerýän gurallaryň giňden ulanylmagy şeýle diýmäge esas berýär. Munuň özi ekiniň geljekki hasylynyň ygtybarly binýadyny tutýan meýdan işleriniň takyk depginini üpjün edýär. Gowaça ekiji tehnikalaryň sanly telematik ulgam arkaly dolandyrylmagy tohumyň gögerijilik ukybynyň ýokary bolmagynda, hatar aralarynyň takyklygynda we tohumyňdyr dökünleriň tygşytly ulanylmagynda ähmiýetli orun eýeleýär. Milli Liderimiziň tagallalary esasynda daşary döwletleriň dünýä meşhur kompaniýalaryndan satyn alnan şeýle tehnikalar bu gün daýhanyň daýanjyna öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzda gurlan we ylmyň iň täze gazananlary bilen üpjün edilen senagat kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmekde, importyň ornuny tutýan önümleri özümizde ýetişdirmekde we olaryň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda düýpli esas bolup hyzmat edýär.

Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň paýhasly başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary, şol sanda oba hojalygy hem ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Bu pudakda häzir hususy ulgam özüni has işjeň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Kaka etrabynyň G. Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – «Oguz ýoly» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär hem-de toplumyň çägine girýär.

Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçylar!

Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, taýýarlanylan meýdanlara gowaça tohumlary taşlandy. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler. Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän Diýarymyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Türkmen pagtaçylarynyň gazanýan üstünlikleri milli Liderimiziň obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere yzygiderli goldaw berilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň ajaýyp miwesidir.

Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler

DAŞOGUZ, 31-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertlerine görä, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berdiler. Olar Watanymyzyň, halkymyzyň gülläp ösmegini, milli Liderimiziň başynyň dik bolmagyny Beýik Biribardan diläp, gowaçanyň ilkinji dänelerini topraga atdylar, soňra mehanizatorlara gezek berdiler.

Maldarlaryň zähmet üstünligi

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar etrabynyň «Gyzylarbat», Türkmenbaşy etrabynyň «Balkan» we Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» maldarçylyk hojalyklarynyň janypkeş maldarlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda dowarlardan owlak-guzy almak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Welaýatymyzyň merdana maldarlary mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygynyň dabaraly belleniljek ýylynda 45 müňe golaý ene goýundan 41 müňden gowrak guzy almagyň hötdesinden geldiler. Gazanylan zähmet üstünligi Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek we bu ugurda tutanýerli zähmet çekýän oba adamlaryny höweslendirmek baradaky taýsyz tagallalarynyň buýsançly netijelerini berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Maldarçylyk hojalyklarynda düýedarçylygy ösdürmeklige-de uly üns berilýär. Üstümizdäki ýylda welaýatymyz boýunça bar bolan 1,5 müňe golaý ene düýeden 659 köşek almak baradaky şertnamalaýyn borçnama hem üstünlikli ýerine ýetirildi.  

Keramat-keremsiň, eziz topragym!

Halk ertekisinde gahryman boş saçagy orta ýazyp: «Açyl, saçagym, açyl,Dürli nygmatlar eçil!» —

Waspa mynasyp ösüşler

Milli Liderimiziň parasatly tagallalary netijesinde oba hojalyk pudagyny ösdürmekde döredilýän ägirt uly mümkinçilikler daýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine we buýsançly ýeňişlere ruhlandyrýar. Olaryň gaýratly zähmeti ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge uly itergi berýär. Bu ugurda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak bolsa biziň öňümizde durýan esasy wezipeleriň biridir. Hut şu nukdaýnazardan guramamyzyň işjeň agzalary etrabymyzyň daýhan birleşiklerinde yzygiderli bolup, oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmakda we bu ugurdaky işleri ilerletmekde daýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýarlar. Şu maksat bilen ýakynda etrabymyzyň «Çärjew suwhojalyk» önümçilik dolanyşygynda, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda, «Watan», «Jeýhun», «Türkmenistan» daýhan birleşiklerinde bolup, zähmetkeşler bilen täsirli duşuşyklary guradyk. Duşuşyklaryň dowamynda işjeň partiýa agzalarymyzyň täsirli çykyşlary diňlenildi. Olar çykyşlarynda ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda edilýän tagallalara mynasyp goşant goşmak dogrusynda nygtadylar. Şeýle hem çykyşlarda pudagyň işini mundan beýläk-de ilerletmekde öňde duran wezipeler, ekerançylygyň milli däplerini yzygiderli dowam etdirmekde alnyp barylýan işler barada hem durlup geçildi. Şeýle çärelerde partiýamyzyň agzalaryny köpeltmek, işjeňleri ýüze çykarmak meselelerine hem seredildi.

Gowaça ekişine badalga berildi

Düýn Daşoguz welaýatynyň pagtaçy-kärendeçileri hem hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, şu ýylyň ýazky gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Welaýatymyzyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Beruni adyndaky daýhan birleşiginde gowaça ekişine başlanmagy mynasybetli ýörite dabara geçirildi. Welaýatymyzyň pagtaçy-kärendeçileri gowaça ekişini hemmetaraplaýyn taýýarlyk bilen garşyladylar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýat boýunça 155 müň gektar meýdanda gowaça ekip, ýurdumyzyň senagat pudagy üçin bu gymmatly çig malyň 275 müň tonnasyny ösdürip ýetişdirmek maksat edinilýär. Welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda ýurdumyzyň demirgazyk künjeginiň howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän orta süýümli gowaça görnüşleriniň ýeterlik mukdardaky tohumy taýýarlanyldy.

Tohumyňyz müňlesin, edermen babadaýhanlar!

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen welaýatymyzda gowaça ekişine girişildi Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 19-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň gowaça ekiş möwsümini gysga wagtyň içinde, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň ähmiýetini belläp, biziň welaýatymyzda bu möhüm çärä 31-nji martda girişilmegine ak pata berdi hem-de il sylagly ýaşululardan ony «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Şeýlelikde, welaýatymyzda şu ýylyň «ak altynyň» bereketli hasylynyň ýetişdirilmeginde möhüm ähmiýeti bolan çärä agzybirlik bilen girişmeklige bagyşlanylan dabaralar giňden tutuldy.

Guramaçylykly barýar

Diýarymyza ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen oba hojalyk işleriniň depgini has-da artýar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri hem gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Garagum etrabynyň «Garagum kanaly» daýhan birleşiginiň kärendeçileri sürüm, tekizleşik, geriş çekmek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirip, «Biziň elimiz däl, Babadaýhanyň eli» diýip, «Bissimilla» bilen, ýagşy arzuw-umytlar edip, ekişe girişdiler. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 4400 gektar ýere gowaça ekmegi meýilleşdirýärler. Daýhan birleşiginiň pagta agronomy Döwrangeldi Akmämmedow bilen meýdanda ekişiň geçirilip ýören ýerinde gabatlaşanymyzda şeýle gürrüň berdi:

Az ýerden köp hasyl

Gahryman Arkadagymyzyň ýaňy-ýakynda birbada alty sany ýyladyşhanany açyp bermegi ýurdumyzda az ýerden köp mukdarda gök önüm almakda täzeçe usulyň durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezdi. Gök önümler adamyň gündelik azyk önümlerinde esasy iýmitleriň hatarynda durýar. Adam aglaba ýokumlary gök önümlerden alýar. Lukmanlar hem gök önümleri köpräk iýmegi maslahat berýärler. Ýurdumyzda adamyň saglygy üçin bimöçber alada edilýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylarynyň, ylaýta-da, ösüp gelýän ýaş nesliň ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün edilmegi-de bar. Gök önümler islendik pasylda, islendik howa şertinde adamy hiç wagt irizmeýän azyk önümidir. Olar saçaklarymyzy bezäp, gözümizi dokundyrýar. Biz gündelik iýmitimizde gök önümleriň görnüşini köpeltsek, şonça-da özümiz üçin peýdaly. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa bazarlarymyzda gök we bakja ekinleriniň, umuman, ene topragymyzdan alynýan naz-nygmatlaryň hemişe bol hem elýeterli bolmagy üçin tagalla edilýär. Hormatly Prezidentimiziň açyp beren täze ýyladyşhanalary hem şol tagallanyň miwesidir.