Asylly terbiýe — kämil jemgyýet
Berkarar döwletimizde halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa ýaşlaryň Watana bolan söýgüsini has-da ösdürip, geljege ynamyny artdyrýar. Halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen ösýän edep-terbiýe taryhyň ýollarynda kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän mizemez ýörelgelere öwrülýär. Ýaş neslini eý gören ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyrlar. Ýaşlary asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmatlyklarydyr. Edep-terbiýä hormat goýýan halkymyz nesil terbiýesiniň düzüminde milletimiziň medeni mirasynyň, hususan-da, halk nakyllarynyň we beýleki maddy däl medeni gymmatlyklarynyň terbiýeçilik ähmiýetini hemişe sarpalapdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky «Adam edebinden tanalar, ýurt— tugundan», «Edepli ile ýarar», «Adamyň hormaty özüne bagly», «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt», «Edip beren ýeňňemden, edep beren ýeňňem ýagşy», «Edep başy dil», «Dili süýjiniň dosty köp», «Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy» ýaly nakyllar hem jemgyýetçilik ýaşaýşynda edep-terbiýäniň ähmiýetini şöhlelendirýär. B