"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gelin ojaga çeker

Zenan hakda söz açylanda, obadaşymyz, kalby mähirden doly Jumagözel gelnejäniň gürrüňleri serime dolýar. —Ýaňyrak gelin bolup, gaýyn öýüme gelen günlerimdi. Gaýynymlaryň bagy-bossanlyga bürenip oturan, gür alma baglary bardy. Bagyň hasyl getirip, bişen wagtlarydy. Bir görsem, bagyň aşagynda gyzyldyr sary almalar dökülip ýaýrap ýatyr. Şol dowürlerde mürepbe gaýnatmak o diýen adat däldi. Gelin bolup baran ýerimde-de mürepbe gaýnatmaga känbir üns berilmeýän eken.

NESIBE

Geň-enaýy wakalardan, aladalardan doly gyzykly durmuşda ýaşamagyň öz lezzeti bar. Owadan dünýä bolup, gursagyňy gaplaýan bu durmuşda bir gün begenen, bir gün gaýgylanan bolýaň. Şeýdibem, ýüzüňi emaý bilen sypalaýan bahar şemaly ýaly ýakymly günler jöwzaýy tomsuň epgegi bilen sazlaşyp, geçip dur. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän umman ýaly durmuş kerweni öz kadalary bilen gidip barýar, ynsan hem onuň yzyna düşüp, ýodalardan ýollara aşýar. Ynha, durmuşyň gyzykly ýerem şunda-da! Sebäbi bu ýollarda ynam, ynanç, ygtykat, ykbal ýaly ajaýyp duýgular bar. Şolara bil baglap ýaşamagyň özi owadan dünýä bolan teşneligiňi gandyrýar. Adam bir işe başlajak bolanda «Bismilladan» soň, «Nesip bolsa» diýýär. Sebäbi ata-babalarymyzdan gelýän «Hasap edeniň bolmaz, nesip edeni bolar» diýen pähimiň juda ýerliklidigi hakykat ýüzünde haýran galdyrýar.

Geliň, gülşeliň!

Bir zenan lukmana ýüz tutup, adamsynyň gijelerine samraýandygyny aýdypdyr. Lukman ony diňläpdir-de: — Men size onuň samramasyny goýdurýan derman ýazyp biljek däl — diýipdir.

Perdäniň biçüwi we taýýarlanylyşy

Käte öz elimiz bilen perdeleri tikmek üçin ýörite görkezmeler zerur bolmanam biler. Biz žurnalyň şu sanynda penjire üçin perdäniň tikilişini hödürleýäris.

Eşiklere iligi nädip saýlamaly?

Eşiklere ilik dakmaly bolanda, zenan maşgalalaryň käbirinde sorag ýüze çykýar: «Eýsem, ilikleriň haýsy görnüşleri eşiklere has gowy gelişýärkä?». Penjekler hem palto üçin tagua hozunyň gabygyndan ýasalýan tegelek, ýasy görnüşli, iki ýa-da dört deşikli ilikler gerek. Daşyna örme edilende, ol ilikler eşige tebigy owadanlyk berýär. Haýwanlaryň, esasan hem, keýikleriň şahyndan ýasalýan ilikler göze gelüwli görünýär.

Zenan torbasy barada

Zenany torbasyz göz öňüne getirip bolmaýar. Çünki zenanlar ähli zerur hasap eden zatlaryny torbasynda saklaýarlar. Köplenç, ondan gerekli zadyňy wagty bilen tapmak kyn bolýar. Hatda öýjükli telefona jaň gelen ýagdaýynda-da, ony tapman, ep-esli wagt eglenilýändir. Gyz-gelinleriň şeýle ätiýaçly bolan torbalarynda beýle köp zat saklamak isleginiň sebäbi nämedenkä?! Zenan torbasynda zerur we gerekli zatlaryň iň az sanawy barmy ýa-da muňa şahsy tarapdan seretmelimi?! Geliň, ýagdaýa esasly seredeliň we «Zenan torbasynda nämeler bolmaly?» diýen sowala jogap bermäge synanyşalyň.

Öý bikesi öwrense...

Manty Gerekli önümler: 500 g et, 100 g guýruk ýagy, 2 düýp sogan, geregiçe duz, burç, un, 1 ýumurtga.

Maşgalany goramak — geljegi goramak

Türkmen halky asyrlarboýy maşgala terbiýesine aýratyn üns berip, onuň ýörelgelerini, däp-dessurlaryny özgerdip, nesilden-nesle geçirip gelýär. Maşgalada çaga milli däp-dessurlarymyz we edim-gylymlarymyz esasynda terbiýelenilýär. Çünki maşgala — bu birek-birege goldaw bermek, jemgyýet, halk, Watan ýaly mukaddes düşünjeleri özüne baglaýar. Ata-enä bolan sylag-hormat adamyň iň ajaýyp häsiýetleriniň biridir. Köneleriň aýdyşlary ýaly, ataňy begendirseň, Gudraty güýçliniň merhemeti artar, eneňi begendirseň, Pygamberiň rehimdarlygy artar. Öz borjuňy yhlas bilen ýerine ýetirmek, ynsana kömek edip, lebziňe ygrarly bolmak, ata-eneňe, Watanyňa wepalylyk — bu halkymyzyň milli aýratynlygydyr.

Plastilinden çopantelpek

Mähriban çagalar, plastilinden dürli şekiljikleri ýasamak siziň iň halaýan güýmenjeleriňiziň biri. Hatda çagalar bagyna gatnaýan körpelere-de, mekdep okuwçylaryna-da «plastilinden şekiljik ýasamaly» diýseň, olar üçin başlanýar bir hezillik. Haýwanjyklaryň şekilini ýasap oturany haýsy, jaýjagazdyr bagjagazlary ýasaýany haýsy, ertekileriň gahrymanlaryny suratlandyrmaga çalyşýany haýsy... garaz, çagalaryň her biriniň işi seni geň galdyrjak, sende uly täsir galdyrjak derejede özboluşlylyga eýedir. Hut şonuň üçin size bu gezek plastilinden çopantelpek gülüni ýasamagy öwredýäris. Öwretmek bizden, özüňizçe baýlaşdyryp, has kämil ýerine ýetirmek sizden. Hany, öz ukybyňyzy görkezmäge synanyşyň, eziz jigiler!

Şokoladly bananlar

Gerekli önümler: 200 gram şokolad,

Asyry arka atan ata

Türkmenlerde «Garryly öý — gaznaly öý» diýilýär. Bu iňňän aýdyň hem ykrar edilen durmuş hakykaty. Hudaýa şükür, il içinde muňa mysal alara öý-ojaklar kän. Bu babatda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Ak altyn obasynda ýaşaýan Goýçyýewleriň maşgalasy-da, tüweleme, tüýs bagty getirenlerden! Küren obanyň bir syrgynyny düzüp oturan 10 — 15 hojalyk, oba ýerinde aýdylyşy ýaly, garry öýdäki şol «gaznadan» döwlet tapýar. Şol «hazyna» bilen ol ojaklar has-da nurana, has-da döwletli! Bu hojalyklar, ömri mundan hem uzak bolsun, indi 105 ýaşy alkymlap ýören Goýçy Amandurdyýewiň nesil-nebereleriniň öýleri. Diňe bir bu syrgynyňkylar däl, ykbal-nesibesine görä, obanyň dürli ýerinde ýaşap, işläp ýören beýleki ilen-çalanlary-da, goňşy-golamdyr obadaşlary-da ýygy-ýygydan Goýçy aganyň ýanyna salama gelip, onuň durmuş, manyly ömür bilen bagly gymmatly maslahatdyr nesihatlaryny alyp gidip durlar... Ýalynly ýyllaryň ýaşlygy

Döwlet hemaýaty — maşgalanyň maddy goragy

Türkmen maşgalasynyň terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan milli ýörelgeleri bar. Halkymyz ençeme asyrlaryň dowamynda ýokary ruhy-ahlak başlangyjyny, dogruçyllygy, hoşniýetliligi, zähmetsöýerligi, enelere we ýaşululara bolan hormaty kemala getirýän mukaddes maşgala gymmatlyklaryny saklap gelýär. Maşgalany goldamaga we goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslarynyň kemala getirilmegi, onuň ykdysady taýdan özbaşdaklygy we ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleri döretmek arkaly maşgala hakynda aladanyň edilmegi, maşgalalara döwlet kömek pullarynyň tölenilmeginiň üpjün edilmegi, olaryň saglygynyň guralmagy, ata-eneleriň zähmet işini maşgala borçlaryny ýerine ýetirmek bilen utgaşdyrmagy üçin şertleriň döredilmegi, durmuş infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem maşgalany, eneligi we çagalygy goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen hukuk esaslaryny kemala getirmek Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar.

Obanyň hezilligini diýsene...

Men ömrümiň dowamynda sygyr sagyp gördüm, emma düýe sagyp welin görmändim. Durmuşa çykmankam “Sen düýe sagyp bilermiň» diýip soran bolsalar men ör-gökden gelerdim. Mekanymyz işiň-güýjüň köp ýeri bolan şäheriň merkezi bolansoň ertirden-agşama çenli dürli hereketleriň sazlaşygyndan lezzet alyp işläp ýördüm. Wagtyň geçmegi bilen çagalarymyň islegi bilen obada ýaşamaly boldum. Ine, saňa gerek bolsa, çölden botlap gelen köşeklije düýeler. Owal daşyndan görenimde olardan eýmenýärdim. Gäwüşäp gözleriňe, her bir hereketiňe syn edip duran düýeler meniň iň gowy görýän mallarymyň birine öwrüldi duruberdi. Bu piri güýçli haýwanyň asylly hereketleri edil ulugyzyň häsiýetleri ýaly maňa ýakymly görnüp başlady. Ýaňyja aýaga galyp ýörejek bolup ýykylyp, sürşüp enesini gözleýän köşejigiň hereketleri örän täsindi. Köşek patanaklap ýöräp ugranyndan enesini gözläp başlady. Bu hereketler çagalarym üçin örän gyzyklydy. Olar köşege enesini tapmaga kömek berip, onuň daşynda başagaýdylar. Bu hezillige goşulyşýan goňşy-golamlaryň çagalary-da, az begenmeýärdiler. Olar gündelik çal içmäge öwrenişipdiler. Çünki, düýe çaly ula-kiçä ýakymly, örän tagamly bolýar.

Jemgyýetiň gymmatly baýlygy

Maşgala türkmen halkynda hemişe-de mukaddes öý, keramatly ojak, döwletiň içindäki  kiçijik döwlet hasap edilipdir. Maşgala gatnaşyklary babatda hem halkymyzda asyrlardan-asyrlara aşyp gelýän medeni gymmatlyklar, ahlak düzgünleri kemala gelipdir. Maşgala diňe bir hukuk gatnaşyklarynyň däl, ilkinji nobatda, söýginiň, hormatyň we beýleki ahlak kadalarynyň binýadynda döredilýär. Türkmen maşgalasynda hereket edýän bir-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, ene-atanyň sözüni ýykmazlyk, gelniň ýaşmak ýaşynmagy, gyzyň edaly bolmagy ýaly kämil ýörelgeler bar.

Nesil terbiýesi — mukaddes iş

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesillere ylym, bilim öwretmekde, olarda ahlak sypatlaryny kemala getirmekde möhüm işler durmuşa geçirilýär. Geljegimiz bolan ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almaklary, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirilýän özgertmeler halkymyzy buýsandyrýar. Halkymyzda gadymy döwürlerden bäri terbiýeçilik işine möhüm ähmiýet berlipdir. Şunda ýaşuly nesilleriň öwütdir ündewleri ýaşlar üçin bahasyz baýlyk bolupdyr. Halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebi bolan «Kowusnama», «Oguznama» ýaly eserlerinde «Görogly» şadessanynda hem beýan edilýän öwüt-ündewler nesil terbiýesinde giňden ulanylypdyr.

Mähribanlygyň nusgasy

Bagtyýar çagalygyň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge, olaryň beden, aň-bilim, ruhy we durmuş taýdan ösüşlerini üpjün etmäge, eneligi we çagalygy goramaga uly ähmiýet berilýär. Durmuş tejribesi, sagdyn ene bolmasa, sagdyn perzendiň hem bolmajakdygyny ýyllarboýy subut edip gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda bellenilişi ýaly, ene beýikleri dünýä inderýän beýiklik, şol beýikligi bolsa, ilki bilen, mähribanlyk döredýär. Mähribanlyk ynsanda dünýäni söýmek duýgusyny oýarýar, şol duýgy hem eneden gaýdýar. Şonuň üçin-de, ene iň mähriban we mukaddes ynsan. Zenan, ene hakda gürrüň edilende, tamdyr, tamdyr çöregi biygtyýar ýadyňa düşýär. Agzybirligiň, halallygyň, arassalygyň, milliligiň nusgasy bolan türkmen zenanlary tamdyry aýratyn mukaddeslik saýýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky: «Ir döwürlerde türkmen obasynyň deňinden geçip barýan ötegçi, ilki bilen, ondaky tamdyrlara syn edipdir. Sebäbi eger-de obada her syrgynda ýa-da her ýerräkde bir tamdyr bar bolsa, bu obanyň agzybirligini aňladypdyr» diýen sözlerini okanyňda, agzybirligiň nyşany bolan mukaddes tamdyra bolan guwanjyň, buýsanjyň has-da artýar. Tamdyrda çörek bişirilende ulanylýan suwuň-da özboluşly manysy bolupdyr. Çörek bişirilende onuň ýüzüne bäş gezek suw sepilip, birinji

Nusgalyk ömür

Daş-töweregi gülzarlyga öwren baharyň gelmegi bilen howa-da gyzyp başlady. Aşgabat şäheriniň Bekrewe şäherçesinde ýaşaýan, hormatly dynç alyşdaky Klara Kakabaýewa bilen duşuşmak üçin ir salkynda ýola düşdüm. Men baranymda, ol gapysyndaky pyntyklaryny ýaýyp, hoştap ysy bilen daş-töwerege gözellik eçilýän dürli reňkdäki bägülleriň, ýaňy bişip başlan miwesini güjeňleýän baglaryň aşagyny ýumşadyp ýören eken. — Bular meniň guwanjym, edil çaga bolan mähribanlygym kimin ir säher bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirip boldugym, bularyň ýanyna gelip, halyndan habar alýaryn. Sebäbi dünýädäki ähli zat janly, söýgiňi, mähriňi berseň, gün geçdigiçe parlap ösüberýärler, sähel garaýşyňy üýtgetseň, süllerip, başyny aşak egiberýärler. Gül-gunça bolup parlajak güllerimi diňe öz howlymy däl, eýsem, goňşularymyň öýlerini hem bezemegini isleýärin. Baglar miwe eçilse, ony-da goňşularym bilen paýlaşýaryn. Bu ýyl, ynha, hoz agajyny ekdim — diýip, Klara daýza şahalary bahar howasyna janlanyp başlan hoz agajyny mähir bilen synlady-da, öýe girmegi mürähet etdi. Segseniň onlugyndaky zenanyň ýeňil gopup, edýän hereketlerini synlanymda, onuň gujur-gaýratyna, owadan dünýä bolan söýgüsine buýsandym. Çaý başynyň söhbedi gyzykly boldy.

Awokado

Awokado subtropik ösümlik bolup, ata watany Meksika hasaplanýar. Onuň ady gadymy astekleriň dilinde «agaç ýumurtgasy» diýmegi aňladýar. Awokadonyň miwesiniň şahada goşa-goşadan ösýänligi üçin, onuň şeýle atlandyrylan bolmagy ahmal. Eger-de siz ony satyn alan badyňyza iýmek isleýän bolsaňyz, onda onuň ýumşap bişen miwelerini saýlaň. Alan awokadoňyz heniz doly bişmedik bolsa, onda ony kagyza dolap, 2 — 5 gün öý temperaturasynda saklaň.

Biler bolsaňyz...

Edenli zenanlarymyz ýüň eşikleri geýenlerinde-de, olary, gyş geçenden soň, ýygnap saklanlarynda-da, güýeden goramagy başarypdyrlar. Ene-mamalarymyzyň gürrüň bermeklerine görä, güýe ýagtylygy halamaýar. Güýäniň tohumyny taşlaýan kebelekler garaňky otaglarda köp bolýar. Şonuň üçin güýeden gaçarak durmak isleseňiz, ýüň zatlary daşarda şemalladyp durmaly. Gyşyna geýilýän egin-eşikleri ýygnanyňyzda, olary ýuwup, arassalap, atyr sepmeli ýa-da narpyz, bägül ýapraklaryny olaryň arasynda goýmaly. Ýüň eşikler saklanjak şkafyň ýa-da sandygyň dört burçuna narpyz ýapraklaryny goýsaň, güýe onuň golaýyna barmaz diýip, ene-mamalarymyz gürrüň bererdi. Türkmeniň köňül nagşyna öwrülen, durky bilen gözellige ýugrulan haly-palaslary güýeden goramagyň hem öz düzgüni bar. Halydyr-palaslaryňyzy dula söýäp goýdugyňyz, güýeler onuň içinde mesgen tutmak bilen bolýarlar. Şeýle edilende, haýal-ýagallyga ýol berilmeli däldir. Şonuň üçin ýüňden dokalan, tikilen zatlary wagtal-wagtal daşarda serip, ýelejiredip durmaly. Oba ýerlerinde haly-palas dokaljak ýüpleri elde egrip boýaýarlar. Ýüp boýalan wagty, güýä garşy serişdeler goşulsa, güýe degmezligine köp peýdasy bardyr ýa-da taýýar, dokalyp bolan haly-palaslaryň arasynda güýä garşy derman serişdeleri goýulsa, güýe barmaz.

Lagly-merjendir boýnunda...

Köplenç ýagdaýda şaý-sepler ýasalan wagty, onuň berkligi üçin goşulýan goşundylary bolýar. Şol sebäpli hem olar wagtyň geçmegi bilen garalmaga başlaýar. Bu şaý-sepler howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagy, ýagny şaý-sepleri hammamda, suwa düşülýän ýerlerde, açyk Gün şöhlesiniň düşýän ýerlerinde dakynanyňda ol garalyp biler. Şaý-sepler kosmetiki hem-de hojalykda ulanylýan himiki serişdeler bilen galtaşanda, şeýle hem hlorly suwda garalýar. Bu önümler ýoda ýanaşdyrylanda-da, onuň ýokary gatynda çal yzlar döreýär. Şol sebäpli şaý-sepleri özünde köp mukdarda ýod saklaýan suwlardan daşda saklamaly. Aslynda, şaý-sepleri içi ýumşak örtükli gutularda saklamak maslahat berilýär.