"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saglyk — baş baýlyk

— Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. — Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly.

Suw we onuň adam bedenine täsiri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ilaty we halk hojalygynyň pudaklaryny suw bilen bökdençsiz, ýeterlik mukdarda üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda suw babatda bitirilýän işler hut şu durmuş hakykatyndan gözbaş alýar. Netijede, halkymyzy arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, ekerançylyk meýdanlarynda suwy tygşytly we netijeli ulanmak, suw üpjünçiligi ulgamynda täze döwrebap tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak barada alnyp barylýan işleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Suw gorlary ýurdumyzyň tebigy genji-hazynasynyň iň gymmatly bölegidir. Sebäbi suw halk hojalygynyň ähli pudaklary we ulgamlary üçin iňňän zerur serişdedir. Şeýle-de agyz suwy bilen üpjünçilik halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biridir. Ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanýan suwuň bisarpa tutulmazlygy üçin özboluşly desgalary gurupdyrlar. Halk tebipçiliginde hem suwuň dürli görnüşlerinden ýerlikli peýdalanylyp, dertlere em edilipdir.

Dişleriňi aýap saklamagyň ýollary

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ynsan saglygyny iň ileri tutulýan zerurlyk hökmünde görüp, saglyk hakynda wagyz-ündew çäreleriniň yzygiderli alnyp barylmagyna hem aýratyn üns berýär.

Buýan — dermanlyk ösümlik

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Halkymyzda «Dertliniň dermanyny öz topragyndan gözle» diýlen aýtgy bar. Dermanlyk ösümliklere baý bolan türkmen topragynda islendik derde derman tapmak bolýar. Dermanlyk häsiýeti ýokary bolan şeýle ösümlikleriň biri hem buýandyr. Bu ösümligiň ady grekçeden terjime edilende, «Süýji kök» diýmegi aňladýar. Irki döwürlerde bu ösümligi «Altyn kök» diýip hem atlandyrypdyrlar.

Be­den­ter­bi­ýe, he­re­ket we sport ba­ra­da

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Be­den­ter­bi­ýe ada­myň öz sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge we fi­zi­ki ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len işi­dir. He­re­ket öm­rüň ha­zy­na­sy­dyr.

Çaýyň peýdasy hakynda

Çaý gadymy döwürlerden bäri dünýäniň dürli yklymlarynda halk lukmançylygynda bejeriş ähmiýetli içgi hasaplanylyp gelinýär. Türkmen halkynyň durmuşynda hem örän ähmiýetli orna eýe bolan bu içginiň düzümindäki peýdaly maddalar adamyň diňe bir keýpini göterip, rahatlandyrmak bilen çäklenmän, birnäçe gaýraüzülmeleriň öňüni almaga hem uly ýardam edýär. Çaý, ilkinji nobatda, ýürek üçin peýdalydyr. Bu ugurda bilermenler çaýy köp içýän adamlaryň, esasan hem, gök çaýy köp ulanýanlaryň ýüreginiň sagdyn bolýandygyny aýdýarlar. Gök çaý gan basyşynyň we holesteriniň derejesini peseltmäge hem-de rahatlanmaga kömek edýär.

Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek

Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligiň gazanylmagyny şertlendirdi. Onuň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, enäniň we çaganyň saglygyny has-da gowulandyrmak, zenanlary reproduktiw döwründe ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, maşgala medeniýetini kämil derejä ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin köp möçberde düýpli maýa goýumlary goýuldy hem-de özleşdirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýöriteleşdirilen häzirki zaman hassahanalary gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk 670 orunlyk innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, welaýatlarymyzdaky we Aşgabat şäherindäki «Ene mähri» merkezleri, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ýöriteleşdirilen psihonewrologiýa çagalar öýi hem-de Mary welaýat çagalar hassahanasy we beýleki kesel anyklaýyş merkezleri

Sagdynlygyň girewi

Gündelik fiziki maşklar saglygy berkidýär. Maşklarynyň esasy maksady günüň dowamynda adamyň özüni işjeň ýagdaýda saklamak üçin kesgitlenen hereketleri ýerine ýetirip, bedenini dürli kesellerden goramagy gazanmakdan, nerw ulgamyny berkitmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, her bir ukyply adama, ýaşyna, jynsyna, çekýän zähmetine we geçiren kesellerine garamazdan, sagaldyş maşklaryny ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Sagaldyş maşklaryna, ilkinji nobatda, irden ýerine ýetirilýän maşklar degişlidir. Olaryň hasabyna beden uky ýagdaýyndan oýa ýagdaýyna çalt geçýär. Bedenterbiýe maşklary gan aýlanyşygyny güýçlendirýär, dem alşy kadalaşdyrýar, madda çalşygyny ýokarlandyrýar.

Sagdynlyk kadalary

Bahar paslynda günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly.

Ak ýürekden haklarys

Galkynyşdan ganatlanan döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda we welaýatymyzda saglygy goraýyş ulgamynda dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy gazananlary üstünlikli ornaşdyrylýar. 2021—2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça milli maksatnama laýyklykda bu kesele garşy hem düýpli çäreler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyzda aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi guruldy. Ilata halkara ülňüleriniň derejesinde häzirkizaman lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli giň toplumy ýola goýuldy. Häzirki wagtda dürli görnüşli keselleriň 15-den gowragynyň garşysyna ýokary hilli öňüni alyş sanjymlary edilýär. Olaryň arasynda çaga doglanda inçekesele garşy sanjymlar hem bar. Bu işleri halkara derejesinde alyp barmak maksady bilen ýurdumyz köpsanly halkara guramalar bilen aragatnaşyk saklaýar. Ýurdumyzda inçekeseliň garşysyna alnyp barylýan işleriň netijelerine BMG-niň we onuň iri düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we beýleki halkara guramalar tarapyndan ýokary baha berilýär. Biziň welaýat hassahanamyzda hem häzirkizaman lukmançylyk enjamlarynyň dürli görnüşlerinden peýdalanylýar. Hassahanamyzyň barlamhanasynda, şeýle hem etrap hassahanalarynyň birnäçesinde inçekeseli ýüze çykarmak,

Saglygyň gadyryny bilgil...

Saglyk — uly baýlyk. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde belent sarpa eýe bolup, ady dünýä dolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmasdan burun,

Ýagşy ýörelge — dowamat-dowam

«Halkymyzyň saglygy baş baýlygymyzdyr. Şoňa göräde, ynsan saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işleri geljekde hem dowam etdiriler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň bu sözleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp durmuş hakykaty bolup dabaralanýar. Häzirki döwürde gurlup ulanmaga berilýän saglygy goraýyş merkezlerinde, hassahanalarda, şypahanalarda, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, sport ulgamyna degişli desgalarda döredilen dünýä hil ülňülerindäki şertmümkinçilikler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde baş baýlygyň halkyň saglygy bolup durýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Aýratynam, sagdyn, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynda esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri zyýanly, ýaramaz pişelerden gaça durmagy, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi öz nesillerine sargyt edip gelipdirler we muny durmuşda hökman berjaý edilmeli kadalaryň hatarynda görkezipdirler. Ajaýyp zamanamyzda pederlerimiziň şol ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygy her birimizi buýsandyrýar. Sebäbi sagdynlyk, sagdyn durmuş ýörelgesi ähli gözellikleriňem, üstünlikleriňem gözbaşydyr.

Saglyk — baş baýlyk

♦Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmaklygyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ♦Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl. 

Sagdynlyk — ruhubelentlik

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak ulgamy, keselleriň öňüni alyş, maşgala lukmançylygy döwlet tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Maşgala lukmançylygy ýörelgesiniň giňden ornaşdyrylmagy, mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda we bilim ojaklarynda, şeýle-de dürli ugurdaky edara-kärhanalarda möwsümleýin lukmançylyk barlaglarynyň geçirilmegi, ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlarynyň ilata mugt edilmegi we bu keselleriň döremegine getirýän hadysalary aradan aýyrmakda degişli edaralaryň işiniň has işjeňleşdirilmegi birnäçe keselleriň soňuna çykylmagyna, beýlekileriň bolsa berk gözegçilikde saklanmagyna uly mümkinçilik döretdi. Keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylmagynyň netijesinde, ýokanç keseller bilen keselçilik has peseldi.

Nesiller guwanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, aýratyn-da, eneleriň saglygynyň degişli derejede saklanmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, eneleriň saglygynyň berkidilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, sagdyn ene bolmasa, sagdyn çaganyň bolmajakdygyny belleýär. Ýurdumyzda hereket edýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezlerinde hem çaganyň saglygyny goramakda möhüm işler alnyp barylýar. Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak we goldamak barada amala aşyrylýan işler uly netijesini berýär. Bu ugurda Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy, Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn gelejek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasy boýunça halkara guramalar bilen netijeli işler alnyp barylýar.

Uzak we sagdyn ýaşamagyň syry

Uzak ýaşamagyň syryny garrylyga çenli berk jan saglygyny, aýdyň pikirini we gujurlylygyny saklan ýaşulular bilýär. Şu aşakdakylar hem sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, uzak ýaşanlaryň maslahatlary: Günde bir gezek berjaý edilmeli kadalar:

Bagtyň sakasy

Ýurdumyzy ähli ugurlarda gülläp ösýän döwlete öwürmek maksadyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, berkarar Diýarymyzyň berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlarynyň miwesi bolan şeýle döwletli tutumlaryň täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi buýsanjymyzy artdyrýan döwletli tutumlaryň biridir. Ulgamyň geljekki hünärmenleri hökmünde bizi — talyp ýaşlary aýratyn begendirýän ýagdaýlaryň biri ynsan saglygyny goramakda üstünliklere beslenýän giň gerimli özgertmelerde halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, giňeltmek hem-de özara tejribe alyşmak meselesiniň hemişe öň hatarda durýandygydyr. Munuň özi milli saglygy goraýyş ulgamyna dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de tejribelerini işjeň ornaşdyrmakda möhüm ähmiýetlidir. Üstünliklere beslenýän şunuň ýaly oňyn tutumlar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek bilen birlikde, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hil derejesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmaga düýpli itergi berýär.

Maşgala bäbege garaşýar

Perzent dünýä inen gününden enäniň durmuşynda iň jogapkärli hem aladaly pursatlar başlanýar. Ene doguljak bäbege taýýarlykly bolup, oňa mähirden we söygüden doly duýgulary bagyş edýär. Bütin maşgalanyň, ilki bilen, ata-enäniň ähli ünsi bäbek hakdaky alada gönükdirilýär. Çaga garaşýan zenanyň ýakyn hossary dogum wagtynda oňa höwür bolýar we uly goldaw berýär. Bu bolsa dogumyň kadaly geçmegine we sagdyn bäbegiň dogulmagyna oňaýly täsir edýär. Bäbek doglan dessine, enesi bilen ten-tene gatnaşygyň geçirilmegi bäbegiň beden ýylylygynyň gerekli derejede saklanmagyna, ene-bäbek arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň döremegine getirýär.

BÜDÜR-SÜDÜR TENIATERUM / Лентоостник шероховатый

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Büdür-südür teniaterum — däneliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15 — 40 sm birýyllyk otjumak wekili. Baldagy kökýanyndaky ýapraklaryndan uzyn. Umumy gül çogdamy —  hakyky baş.

Bal we saglyk

Ary baly — bu tebigy taýdan arassa önüm bolup, düzümi witaminlere, fermentlere, mikroelementlere, şeýle-de adam bedeni üçin gerek bolan maddalara örän baýdyr. Balyň ýakymly ysy düzümindäki organiki maddalara we haýsy ösümlikleriň gülünden ýygnalandygyna bagly bolýar. Bu maddalar ary balynyň saklanyş ýagdaýy bozulanda hiliniň we tagamynyň üýtgemegine getirýär. Ary balyny dogry saklamagy başarmaly. Onuň süýjüligini we tagamyny köp ýyllaryň dowamynda saklamak isleseňiz, onda keramika, farfor we çüýşe gaplarda agzy berk ýapylan we ýiti Gün şöhleleriň düşmeýän ýerinde goýmaly hem-de çygly ýerlerden goramaly. Demir we plastik gaplarda saklanan balyň düzümi üýtgemek bilen bolýar.