Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek

22 Mart 2024
1022

Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligiň gazanylmagyny şertlendirdi. Onuň esasy maksady ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmakdan, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmekden ybaratdyr.

«Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, enäniň we çaganyň saglygyny has-da gowulandyrmak, zenanlary reproduktiw döwründe ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek, maşgala medeniýetini kämil derejä ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin köp möçberde düýpli maýa goýumlary goýuldy hem-de özleşdirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýöriteleşdirilen häzirki zaman hassahanalary gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk 670 orunlyk innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, welaýatlarymyzdaky we Aşgabat şäherindäki «Ene mähri» merkezleri, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ýöriteleşdirilen psihonewrologiýa çagalar öýi hem-de Mary welaýat çagalar hassahanasy we beýleki kesel anyklaýyş merkezleri bar. Bu ugurda işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Altymuhammet ANNAÝEW,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň direktory.