Bal we saglyk

20 Mart 2024
937

Ary baly — bu tebigy taýdan arassa önüm bolup, düzümi witaminlere, fermentlere, mikroelementlere, şeýle-de adam bedeni üçin gerek bolan maddalara örän baýdyr. Balyň ýakymly ysy düzümindäki organiki maddalara we haýsy ösümlikleriň gülünden ýygnalandygyna bagly bolýar. Bu maddalar ary balynyň saklanyş ýagdaýy bozulanda hiliniň we tagamynyň üýtgemegine getirýär.

Ary balyny dogry saklamagy başarmaly. Onuň süýjüligini we tagamyny köp ýyllaryň dowamynda saklamak isleseňiz, onda keramika, farfor we çüýşe gaplarda agzy berk ýapylan we ýiti Gün şöhleleriň düşmeýän ýerinde goýmaly hem-de çygly ýerlerden goramaly. Demir we plastik gaplarda saklanan balyň düzümi üýtgemek bilen bolýar.

Abadan BERDIÝEWA,
Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.