"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ynsan başynyň täji Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün raýatlarymyzyň saglygy ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygyna öwrüldi. Halkymyza döwrebap saglyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, milli sport maksatnamasynyň ösdürilmegi, ýaş nesillerden başlap, ähli ýaşdaky raýatlarymyzda sagdyn durmuş endikleriniň kemala getirilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.

Keseli anyklamagyň ygtybarly usuly

Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň günsaýyn kämilleşýändigi ildeşlerimizde çuňňur buýsanç döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sagdyn beden we sagdyn ruh Allatagalanyň ynsana eçilen baýlygydyr. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň şäherdir etraplarynyň ählisinde hereket edýän saglygy goraýyş merkezlerinde we hassahanalarda ilata ýokary derejede hyzmat edilýär. Hassahanalarda ornaşdyrylan häzirkizaman lukmançylyk enjamlary bolsa raýatlaryň saglyk ýagdaýyny takyk anyklamakda we ýokary derejede bejergi bermekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle lukmançylyk enjamlaryň biri hem magnit-rezonans tomografiýasydyr. Biz hem bu enjamyň ýerine ýetirýän işi barada ýakyndan tanyşmak maksady bilen, welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany Mekan Döwletow bilen söhbetdeş bolduk. — Mekan Geldimyradowiç, ilki bilen, magnit-rezonans tomografiýasynyň ýerine ýetirýän işi barada aýdaýsaňyz!

Çomujy gumuň şypasy derdiň

Garagumuň eteginde bitýän çomuç keselleriň öňüni almakda we bejermekde iňňän peýdaly ösümlikleriň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem çomujyň görnüşleri, ähmiýeti hakda giňişleýin maglumatlar berilýär. Çomuja ata-babalarymyz ýöne ýere: «Çomujy gumuň şypasy derdiň» diýmändirler. Ol keselleriň 50-den gowragynyň bire-bir emi bolup hyzmat edýär.

Sagdyn ýaşaýşyň gözbaşynda

Ýaz aýlarynda möwsümleýin keselleriň käbiriniň gozgap bilýändigi barada köpimiz bilýäris. Şol kesellere allergiýalar hem degişlidir. Olaryň bir görnüşi pollinoz allergiýasydyr. Ol, esasan, ýelli, tozanly howadan göze, dem alyş ýollaryna ösümlikleriň tozgajyklarynyň düşmegi zerarly döreýär. Eger-de pollinoz allergiýasy dowamly allergiýa öwrülse, onda ol ýylyň beýleki pasyllarynda-da gozgap bilýär. Mysal üçin, gyş aýlarynda sowuk, ýagyşly howa ýa-da tomsuň gyzgyn howasy-da bu keselden ejir çekýänlere bildirýär. Allergiýalar bilen ejir çekýänler bu döwürde has duýgur bolýarlar. Keseliň döremeginiň esasy sebäbi ýel bilen tozanlanan ösümlikleriň polenidir. Ol burnuň akmagy, gözüň gyzarmagy, ýadawlyk, gaharjaňlyk, bokurdagyry, üsgülewük, kämahal demgysma, deride gyzarma ýaly alamatlary öz içine alýar. Keseli anyklamagyň esasy usuly deriniň allergiýasyny barlamakdyr. Şeýle synaglar  deri keseller lukmanynyň gözegçiligi astynda geçirilmelidir. Şeýle-de barlamhanada ganyň umumy barlagy esasynda ýüze çykarylýar.

Röwşen geljegimiziň binýady

Saglygy goraýyş we sport ulgamlary döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetiň iň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny doly ýerine ýetirmekden we ýaş nesli bu ugra gönükdirmekden ybaratdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, ýaşaýyş üçin ähli amatlyklar döredilen, kämil saglygy goraýyş ulgamy bolan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilýän, raýatlar hakynda ähli aladalar edilýän ýurtda adamlaryň ortaça ömrüniň dowamlylygy, çaga dogluşy artýar. Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bu ugurda uly işler göz öňünde tutulandyr. Maksatnama esasynda gurlan saglyk maksatly binalar, oba saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar we beýleki desgalar, ilkinji nobatda, nesil sagdynlygyny üpjün etmäge niýetlenendir. Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Häzirki döwürde bu mesele Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutul

Bagtly geljegiň bähbidine

Ata Watanymyzyň geljegi ýaşlaryň elinde. Bu ajaýyp hakykat tutuş jemgyýetimizden ýaş nesliň ylymly-bilimli, başarjaň, watansöýer, arassa ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak meselelerini ileri tutup çözmegi talap edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz anyk we jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Olarda ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak meseleleri hem nazarda tutulýar. Sebäbi diňe hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetler eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşup, durmuşda özleriniň mynasyp orunlaryny tapyp bilerler. Öňden bellenilenleri üstünlikli durmuşa geçirmek işine saglygy goraýyş işgärleri hem netijeli gatnaşýarlar. Biz beýleki kärdeşlerimiz bilen birlikde ilatyň psihiki saglygyny goramak ugrunda anyk we maksatlaýyn işleri alyp barýarys. Ýaşlaryň arasynda ýüze çykýan keselleri bejermek bilen birlikde olaryň döremegine getirýän sebäpleri öwrenip, olary aradan aýyrmak ugrunda ýadawsyz aladalanýarys. Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen gözegçilikler ýaşlaryň kadaly ösmegini gazanmakda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetiniň uludygyny ynandyryjylykly subut etdi. Bu ugurdan Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görkezýän göreldeleri ýaşlarymyz üçin nusgalyk mekdepdir.

Görer gözüň gymmaty

«Görer gözüň gymmaty kör ýanynda bellidir!» diýlişi ýaly, gözlerimizi goramak örän wajyp bolup durýar. Çünki goralmadyk ýagdaýynda göze her hili şikesleriň ýetmegi ahmal. Göz almasynyň şikesleri, köplenç, 4 derejede bolup, birinjisi — göz almasynyň ýeňil şikesidir. Ikinjisi orta derejeli, üçünjisi agyr, dördünjisi bolsa örän agyr derejeli şikes bolup, göz almasynyň içki gatlaklarynyň daşyna çykmagy, göz hana diwarlarynyň döwülmegi bilen häsiýetlendirilýär.

Ynsan saglygynyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmynyň gazanan baý tejribelerine esaslanýan kämil we ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Ilatymyza hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldilip, hili ýokarlandyryldy. Bu hem ugurdaş düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy esasynda amala aşyryldy. Saglygy goraýyş ulgamyndaky gazanylan üstünlikleriň biri hem, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezidir. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Ulanmaga berlen bu merkeze Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Ge

Pasyllaryň aýratynlyklaryna laýyklykda

Gün şöhlesinden goranmak we möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar: Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli.

Saglyk size ýaran bolsun!

BAHAR PASLYNDA KESELLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK ÜÇIN PEÝDALY MASLAHATLAR: Bahar aýlary möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin her bir adam öz saglygyny goramaga örän jogapkärli çemeleşip, bellenilen kadalary gyşarnyksyz berjaý etmeli, lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýermeli.

Saglygymyz öz elimizde!

Saglygymyzy goramak öz elimizde

♦Ýaz paslynyň talaplaryna laýyklykda geýniň. ♦Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý ediň.

Derde dermandyr gök çaý

Gök çaý dünýä medeniýetiniň taryhynda mynasyp orun alan önümdir. Dünýäde gök çaýyň 1500-den gowrak görnüşine duş gelmek bolýar. Bu çaýyň düzüminde 300-den gowrak himiki elementler bar. Şol sebäpden hem ol derman serişdesi hökmünde ulanylýar. Gök çaýda uglewodlar, beloklar, mikroelementler, witaminler, kalsiý, magniý, marganes, natriý we beýleki ýokumly maddalar bar. Ylmy-barlag işlerini geçiren alymlar tarapyndan yzygiderli gök çaý içmegiň ýürek gan-damar keseli bilen kesellemek we insult geçirmek howpunyň 20 göterim azalmagyna mümkinçilik döredýändigi bellenilip geçilýär.

ÇILI PORSUÇAÝRY / Полевичка чилийская

Häsiýeti. Medeni oturym derman ösümligi. Çili porsuçaýry — däneliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 10 — 70 sm birýyllyk otjumak wekili. Ösümlik seýrek bajakly, çyrmaşmaýan pudakly. Aşaky gül teňňejigi 3 damarlyja. Umumy gül çogdamy bir syhly däl, sübseli. Başynyň uzynlygy 3 — 15 mm, 3 — 20 (40) güllüje. Okunyň başjagazy döwülmeýän, miweleri bişip ýetişýän. Aşaky gül teňňejigi gaçýar, ýokarkysy okunyň başjagazynda saklanýar. Ýapraklarynyň plastinkasy hem-de gyny düýbünden tüýsüz.

Gün şöhlesiniň bedene täsiri

Howanyň gyzmagy bilen her birimiz Günden goranmagyň aladasynda bolýarys. Elbetde, Günüň adam bedenine ýetirýän peýdasy bilen birlikde käbir zyýanlary hem bar. Ýöne muňa garamazdan, Gün şöhlesiniň peýdasy has uludyr. Eýsem, bu barada biz nämeleri bilýäris?! — Gün, esasan, döş mäziniň düwnük keselini peseldýär. Günortan wagtynda Günüň aşagynda gezelenç edip, bu keseli tutmak howpuny azaldyp bilersiňiz. Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanyň. Ýöne tomus paslynda, ýagny jöwzaly günlerde Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň!

«Bagabat» — melhemler mekany

«Bagabat» şypahanasy Ak bugdaý etrabynyň dag eteginde ýerleşýär. Säher bilen bu ýere ýola düşeniňde, tebigatyň täsin simfoniýasy — guşlaryň hoş owazy seni garşy alýar. Käkilikleriň jak-jak urup, saýraýan sesleri şahyr Geldi Bäşiýewiň sözlerine döredilen aýdymy bada-bat ýadyňa salýar. Dag jülgesiniň içinden gidip barýarkaň, aýdymyň her setiri gulagyňda ýaňlanyp, dag gözellikleriniň içine alyp gidýär. Tebigatyň ilkibaşdaky durky, arassa dag howasy we bu ýerdäki dürli melhemler seniň derdiňi dep edýär. Häzirki wagtda saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugry hökmünde şypahanalaryň hyzmatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Zähmet bilen dynç alşy utgaşykly guramak, ilatyň döwrebap şertlerde saglygyny berkitmegi üçin mümkinçilikleri döretmek, şypahana işini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler adam hakyndaky aladanyň esasy ugrudyr. Çünki şypahanalar tebigy melhemler bilen häzirki zaman lukmançylygynyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak arkaly ynsanlara şypa berýär.

Saçakda ak aşym — müň dertden sagdyr başym!

Süýt we süýt önümleri — adam bedeni üçin öwezini dolup bolmaýan hökmany iýmitlerdir. Bu önümler berhizlik häsiýete hem eýedirler. Süýt we süýt önümleri adam bedeni üçin gerek bolan belogyň, mikroelementleriň, witaminleriň şeýle hem iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemekligi üçin hökmany bolan süýtturşy mikroorganizmleriň çeşmesidir. Esasan hem gartaşan adamlar we körpejeler üçin gündelik iýmitlenişde süýt önümleriniň bolmagy hökmanydyr. Sebäbi ýakymly tagamly bu iýmitler ýeňillik bilen siňýär we çalt özleşýär, düzüminde peýdaly maddalary köp saklaýar hem-de esasy tagamlaryň ýerini tutmaga ukyply bolup durýar. Süýt — çalt zaýalanýan önüm, ýagny bişen süýt diňe sowadyjy enjamda saklanmaly we bir günden köp saklamaklyk maslahat berilmeýär.

Hassa bolmazlyk üçin

* Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. * Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, zyýanly endiklerden daş durmaly.

Sadap dişler — sagdyn dişler

Sagdyn dişli bolmak belli bir derejede görk-görmegiň hem eýesi bolmakdyr. Şonuň üçin ak syrça ýaly, gyradeň düzülen dişleri bolan adamlar owadan görünýär. Gadymdan gelýän ruhy gymmatlygymyz bolan halk döredijiliginde-de «sadap dişler», «hünji deýin dişleriň» diýen ýaly sagdyn dişleri wasp edýän jümlelere köp gabat gelýäris. Çagalykdaky süýt dişleriň düşüp, ýerine täze çykan dişler, ähli synalaryň bolşy ýaly, ýylsaýyn könelip başlaýar. Bu, elbetde, tebigatyň kanuny. Şeýle-de bolsa, biz öz wagtynda aladasyny etsek, dişlerimiziň başky sagdynlygyny, owadanlygyny uzak ýyllaryň dowamynda saklap bileris. Muny her birimiziň başaraýjak iň ýönekeý usullarymyzy gündelik ýerine ýetirmek arkaly gazanyp bolar. Sadap ýaly ak, hünji deý gyradeň düzülen dişleriňiziň garrylyk çagynda-da görküňize görk goşup durmagyny isleseňiz, lukmanlaryň şu maslahatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz:

Baş saglygym — baýlygym

«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024 Sag­ly­gy go­ra­mak, be­den­ter­bi­ýe we sport hä­zir­ki türk­men jem­gy­ýe­ti­niň dur­mu­şy­nyň mö­hüm ul­gam­la­ry bo­lup dur­ýar. Çün­ki yn­san­la­ryň be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy ýur­duň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­me­gi­niň, adam­la­ryň bag­ty­ýar we aba­dan ýa­şaý­şy­nyň mö­hüm şer­ti­dir. Hut şo­ňa gö­rä-de, Türk­me­nis­tan­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da ile­ri tu­tul­ýan döw­let we­zi­pe­le­ri­niň de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­dy. Soň­ky ýyl­lar­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mil­li nus­ga­sy­nyň dö­re­dil­me­gi bu we­zi­pä­niň üs­tün­lik­li çö­zül­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.