"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Zirk— iň gadymy derman

Zirk gadymyýetden bäri belli bolan dermanlyk ösümlikdir. Gadymy lukmanlar zirki zähere garşy derman hasaplapdyrlar. Gadymy Müsürde «sary gyzzyrma» keseli möwç alan döwründe zirkiň miweleri giňden peýdalanylyp, ondan em tapypdyrlar. Assiriýa patyşasy Aşurbanipalyň kitaphanasynda palçykdan ýasalan tagtajyklaryň ýüzüne 2650 ýyl mundan öň edilen ýazgylarda zirk «gany arassalaýan» ösümlik hökmünde ýatlanylýar. Orta asyrlarda-da zirk agajynyň gabygy, ýapraklary, köki we miwesi dürli keselleriň emi hökmünde ulanylypdyr. Zirk demlenen içgini üç günüň dowamynda yzygiderli içseň, ötdäki hapalary çykarýar, aşgazanyň, bagryň gyzgynyny alýar, gan basyşynyň beýgelmegini sazlaýar, içegäni arassalaýar, ýüregi berkidýär. Zirkiň yzygiderli içilmegi babasyl keselini bejermekde-de ähmiýetlidir.

Ruhubelentligiň özeni

Ýakynda Tejen etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň merkezi kitaphanasynyň işgärleriniň arasynda «Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ilatymyzyň saglygyny goramak hakda edýän aladalary, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmegiň kadalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdumyzda adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri netijesinde, kadaly iýmitlenmek, keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgelere eýermekleri dogrusynda aýdylanlar has-da täsirli boldy.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy işjeňleşdirmek wezipelerini döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwürdi. Türkmenistanda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde. Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport maksatly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar, döwrebap sport düzümi kemala gelýär.

Saglygymyz, özümize bagly

Häzirki döwürde, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde möwsümleýin ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, gün tertibini dogry alyp barmak hökmandyr. Şol maksat bilen her birimiz: — şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýermelidiris. Ellerimizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly;

Çowdary çöregi

Çowdary dänelik ekinleriň içinde bugdaýdan soňky çöreklik ekin hasaplanýar. Ol dänelik we ot-iýmlik ekin hökmünde dünýäniň köp ýurtlary bilen birlikde, biziň ýurdumyzda hem ekilýär. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda çowdarydan çörek önümlerini öndürýän kärhanalar işläp, azyk harytlary dükanlarynda çowdary çöreginiň dürli görnüşleri halkymyza hödürlenilýär. Lukmanlar çowdary çöreginiň ynsan saglygy üçin peýdalydygy, onuň, esasan-da, berhizlik ähmiýetiniň bardygy barada anyk maglumatlary berýärler. Çünki onuň dänesiniň düzüminde adam bedenine gerek bolan birnäçe witaminler, beloklar, uglewodlar, mineral maddalar saklanýar. Ylmy maglumatlara görä, çowdary dürli keselleriň öňüni almakda, bejermekde hem uly ähmiýete eýedir.

Biliňi baglap çyksaň, uzak ýollara...

Bilguşak! Bu söz ata-babalarymyzyň saglyga bolan garaýşy, ýörelgeleri, däp-dessurlary we ýaşaýyş-durmuşyň taryhyny özünde jemleýär. Türkmende ýöne zat ýok. Bilguşak ynsana tekge-medet beriji häsiýetden başga-da, adam synasynyň sagat bolmagyna ýardam edýär. Ynsan synasynda daýanç nokady bolan sagdyn oňurganyň köp keselleriň döremeginiň öňüni alýandygy barada ylmy çeşmelerde aýdylýar. Şonuň üçin ene-mamalarymyz enäniň sagdyn bolup, çaganyň sagdyn dogulmagy, ýaş gelinleriň biliniň berk bolmagy üçin alada edipdirler. Ýaş bäbegi bolan gelinlere «içi aşak düşmez» ýaly bilini berk guşamagy tabşyrypdyrlar. Köpügören zenanlaryň biri bir gezek «bilguşak» hakynda gürrüň edilende: «Aslynda, gelinler diňe çaga dogranda bilini guşaman, mydama guşap gezseler, göwresi ýaýrap, bedeni lagşamaz, garranda-da synasy sagat bolar» diýipdi. Şonda il arasynda aýdylýan «Bilimden kuwwat gitmese, dyzymdan gitmez» diýen jümlesi ýadyma düşüpdi. Bilguşak göwräniň çeýeligine, adam güýjüniň bedeni sazlaşykly saklamagyna hem kömek edýär. Çaga dünýä inenden soň bilini guşaman ýa-da öz mümkinçiliginden artyk zat göteren zenanlaryň ýatgysy biraz aşak süýşenden soň, olarda göwreli bolmak kyn düşýän halatlary bolýar. Şonda tejribesi ýetik eneler ýaş gelniň içini «silkip», guşak guşaýar. Ýogsam, şeýle ýagdaý diňe bir ýatga täsir etmän, wagtyň geçmegi bilen peşew haltanyň hem gowşamagyna, sowuklamagyna getirýär. Şeýle

Peýdaly maslahatlar

Gyş möwsüminde zyýanly mikroorganizmlere garşy göreşde biziň iň esasy kömekçimiz, bedeniň kesele garşy durujylyk ukyby — immunitet bolup durýar. Üsgülewük, dümew, gyzgynyň ýokarlanmagy — bular bedeniň goranyş ulgamynyň mikroblara, wiruslara garşy durup bilmeýänliginiň ilkinji alamatlarydyr. Emma öz iýmitiňizi akylly-başly düzüp başarsaňyz, nähoşlan halatyňyzda ony ýeňil geçirersiňiz. Munuň üçin şu önümlere üns bermegiňiz gerek.

Peýdaly maslahatlar

Gök çaý adam bedeniniň ähli ulgamlaryna we beden agzalaryna oňaýly täsir edýär. Ol immun ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, aşa semizlik bilen göreşmäge kömek edýär, ýürek-damar, böwrek keselleriniň öňüni alýar. * * *

Peýdaly maslahatlar

Ertirlik naharynyň saglyk üçin ähmiýeti örän uludyr. Ertirlik edinen ýagdaýynda her bir adam synalarynyň sagdyn bolmagy üçin zerur bolan minerallary we witaminleri alyp bilýär. * * *

Buýan (Солодка голая)

Häsiýeti. Gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekip gelýän täsin dermanlyk ösümligiň dünýäde, takmynan, 15, Türkmenistanda 4 görnüşi duş gelýär. Ösümlik il arasynda süýji buýan diýlip hem atlandyrylýar. Buýan-kösükliler maşgalasynyň buýanlar urugynyň boýy 60—80 (100) santimetre ýetýän köpýyllyk otjumak wekili. Baldagy dikligine ösýär, köp şahaly, reňki gyzylymtyl. Ýapragy ýelek şekilli, uzynlygy 5—20 santimetr. Onda 3—10 jübüt ýalpyldap duran dykyz, süýri ýumurtga görnüşli ýapraklar ýerleşýär. Olaryň ýüzüne edil ýelim çalnan ýalydyr.

Gözellik we sagdynlyk

Sowuk howada deriniň aşa guramaklygy, gyzarmaklygy ýüze çykýar, solgun bolýar. Beden sowuk howa uýgunlaşmak we mümkin boldugyça, özüni goramak isleýär. Şeýlelikde, deriniň ýokarky gatlagy galyňlanýar we gan damarlar giňelip başlaýar. Şol sebäpli aşa sowuk we aýazly howada deri guraýar. Şeýle howa şertlerinde ýüzümize adaty idegi ýygy-ýygydan ýerine ýetirip durmaly. Onuň üçin şu aşakdaky ýapgylardan peýdalanmagy maslahat berýäris. * * *

Çaý — jana şypa

Çaý — gymmatly içgi. Ol bedene — kuwwat, seriňe tämizlik eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda çaýyň düzümi, onuň ynsan bedeni üçin gymmatly ýokumlara baýlygy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Mundan başga-da, kitapda çaýy nähili dogry içmelidigi, onuň gadaganlyklary hakynda şeýle maglumatlar getirilýär: 1. Çaý ajöze içilende, ol aşgazana we öthalta zelel ýetirip bilýär.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

1.Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlenilen ýagdaýynda, öl saçly daşary çykmaly däl. 2.Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaga endik etmeli.

Hem azyk, hem melhem

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşiniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltden ybarat ylmy-ensiklopedik işi dünýä derejesinde ykrar edilen gymmatly ylmy gollanma boldy. Halk lukmançylygynda giňden ulanylýan ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini ylmy esasda görkezýän bu ylmy iş alym Arkadagymyzyň öz halkyna eden uly peşgeşidir. Diňe bir dermanlyk ösümliklerimiz däl, eýsem, keremli topragymyzda zähmetkeş babadaýhanlarymyzyň, ussat bagbanlarymyzyň ýetişdiren gök-bakja önümleri we miweleri hem tagamynyň datlylygy, ynsan bedenine ýokumly maddalara baýlygy bilen dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Ynsan saglygyna peýdalydygy bilen uly isleg bildirilýän, irki döwürlerden bäri türkmen topragynda ýetişdirilýän datly miweleriň biri hem erikdir. Erigiň peýdasy barada Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy, kärendesine bir gektar ýer alyp, miweli baglaryň köp görnüşlerini ýetişdirip gelýän yhlasly bagban Mähri Ataýewanyň beren gyzykly gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik: — Her daban ýeri gyzyla barabar bolan topragymyzda däneli we kösükli, gök-bakja ekinleri bilen bir hatarda dürli görnüşli miweleri ösdürip ýetişdirmäge hem uly üns berilýär. Türkmen topragynda bi

Üzärlik – müň bir derdiň dermany

Halkymyz üzärligi örän mukaddes saýyp, onuň oty ýaman gözlerden goraýar diýip düşünipdirler. Şeýle hem üzärligiň otundan dürli mör-möjekleriň, hatda ýylanyň hem gaçýandygy subut edilendir. Üzärlik tütedilende bolsa, mikroblaryň gyrylýandygy anyklanyldy. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde wagtal-wagtal tütedip, tüssesini töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Üzärligi iki maksat bilen, ýagny dermanlyk häsiýeti üçin we boýag hökmünde hem ulanypdyrlar. Üzärligiň köküni gaýnadyp, onuň suwuny içmek bilen, gyzzyrma keselinden saplanypdyrlar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, guradylmadyk üzärlik bilen aýagyň guragyrysyndan ýa-da bogun agyrylardan saplanyp bolýar. Guradylan üzärlikden çaý demläp, sowuklamany, garaguş, böwrek kesellerini, agzy çaýkap, diş agyryny bejeripdirler. Ol suwsuzlyga örän çydamly ösümlikdir. Şonuň üçin ol diňe gurak ýerlerde bitýär. Türkmenistanda onuň diňe bir görnüşine gabat gelinýär.

Ýokanç kesellere garşy göreşmekde nobatdaky ädim

Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy 18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Saglyk — bagtyýarlyk

Golaýda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär

Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak, arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen «Sputnik V» sanjymyny Merkezi Aziýada bellige alan ilkinji döwlet boldy. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli şahadatnamany gowşurdy.

Buýan köki derde derman

Türkmenistanyň tebigaty senagatda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda ulanylýan dürli görnüşli ösümlik dünýäsine baýdyr. Olaryň biri hem kösükliler maşgalasyna degişli bolan, derýalaryň arasyndaky ýerlerde jeňňellikleri emele getirýän, Amyderýanyň we Syrderýanyň boýlarynda ösýän buýandyr. Bu ösümligiň gymmatlygy dermanlyk häsiýetine eýe bolan kökündedir. Buýan lukmançylygyň taryhynda iň gadymy dermanlyk ösümlikleriň biridir. Häzirki zaman lukmançylygynda buýan köki dem alyş ýollarynyň kataral kesellerinde gakylyk goparyjy serişde hökmünde ulanylýar. Buýan köküniň serişdeleriniň ähmiýeti ýara garşy işjeňligi kesgitlenenden soňra, immunitet dörediji häsiýeti ýüze çykarylanda, şeýle hem wirusa we allergiýa garşy häsiýetleri anyklamakda onuň ähmiýeti has-da artdy.