Biliňi baglap çyksaň, uzak ýollara...

21 Ýanwar 2021
1991

Bilguşak! Bu söz ata-babalarymyzyň saglyga bolan garaýşy, ýörelgeleri, däp-dessurlary we ýaşaýyş-durmuşyň taryhyny özünde jemleýär. Türkmende ýöne zat ýok. Bilguşak ynsana tekge-medet beriji häsiýetden başga-da, adam synasynyň sagat bolmagyna ýardam edýär. Ynsan synasynda daýanç nokady bolan sagdyn oňurganyň köp keselleriň döremeginiň öňüni alýandygy barada ylmy çeşmelerde aýdylýar. Şonuň üçin ene-mamalarymyz enäniň sagdyn bolup, çaganyň sagdyn dogulmagy, ýaş gelinleriň biliniň berk bolmagy üçin alada edipdirler. Ýaş bäbegi bolan gelinlere «içi aşak düşmez» ýaly bilini berk guşamagy tabşyrypdyrlar. Köpügören zenanlaryň biri bir gezek «bilguşak» hakynda gürrüň edilende: «Aslynda, gelinler diňe çaga dogranda bilini guşaman, mydama guşap gezseler, göwresi ýaýrap, bedeni lagşamaz, garranda-da synasy sagat bolar» diýipdi. Şonda il arasynda aýdylýan «Bilimden kuwwat gitmese, dyzymdan gitmez» diýen jümlesi ýadyma düşüpdi. Bilguşak göwräniň çeýeligine, adam güýjüniň bedeni sazlaşykly saklamagyna hem kömek edýär.

Çaga dünýä inenden soň bilini guşaman ýa-da öz mümkinçiliginden artyk zat göteren zenanlaryň ýatgysy biraz aşak süýşenden soň, olarda göwreli bolmak kyn düşýän halatlary bolýar. Şonda tejribesi ýetik eneler ýaş gelniň içini «silkip», guşak guşaýar. Ýogsam, şeýle ýagdaý diňe bir ýatga täsir etmän, wagtyň geçmegi bilen peşew haltanyň hem gowşamagyna, sowuklamagyna getirýär. Şeýle ýagdaýda her bir zenan maşgala agzalarynyň ýa-da özi ýaly zenanlaryň kömegi bilen hem içini «galdyryp», bilini ykjam guşap biler. Onuň üçin ýüň ýada nah gyňajy guşak etmeli. Ikinji adam biliň iki gapdalyndan (bykyndan) derini iki eli bilen gysymlap berk tutup, ýokary götermeli. Zenanyň özi guşagy bil tarapyndan göbeginiň aşagy bilen arka tarapyna aýlap, gyňajy çekip guşamaly. Elbetde, guşak içgoşuňy erbet gysmaly däl, diňe garyn boşlugy we bile direg bolup durar ýaly bolmaly.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.