Zirk— iň gadymy derman

21 Ýanwar 2021
2617

Zirk gadymyýetden bäri belli bolan dermanlyk ösümlikdir. Gadymy lukmanlar zirki zähere garşy derman hasaplapdyrlar. Gadymy Müsürde «sary gyzzyrma» keseli möwç alan döwründe zirkiň miweleri giňden peýdalanylyp, ondan em tapypdyrlar. Assiriýa patyşasy Aşurbanipalyň kitaphanasynda palçykdan ýasalan tagtajyklaryň ýüzüne 2650 ýyl mundan öň edilen ýazgylarda zirk «gany arassalaýan» ösümlik hökmünde ýatlanylýar. Orta asyrlarda-da zirk agajynyň gabygy, ýapraklary, köki we miwesi dürli keselleriň emi hökmünde ulanylypdyr.

Zirk demlenen içgini üç günüň dowamynda yzygiderli içseň, ötdäki hapalary çykarýar, aşgazanyň, bagryň gyzgynyny alýar, gan basyşynyň beýgelmegini sazlaýar, içegäni arassalaýar, ýüregi berkidýär. Zirkiň yzygiderli içilmegi babasyl keselini bejermekde-de ähmiýetlidir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ýunus KADYROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.