Saglygymyz özümize bagly
Howanyň gyzyp, dürli ir-iýmişleriň, gök önümleriň bişmegi bilen, ýaz-tomus möwsümlerinde arassaçylyk kadalary doly berjaý edilmedik ýagdaýynda botulizm keseli ýüze çykyp bilýär. Bu agyr zäherlenme bolup, süýri beýniniň we oňurga ýiliginiň zeperlenmesi, şeýle hem görüş hereketiniň bozulma alamatlarynyň ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýär. Ot iýiji haýwanlar, kähalatlarda sowukganlylar agyr geçýän bu keseliň düýp çeşmesi bolup durýar. Ol bakteriýadyr. Hemişelik ýaşaýan ýeri käbir haýwanlaryň içegesi bolup, daşky gurşawa çykarylanda topraga düşüp, uzak ýyllaryň dowamynda ýaşaýşa ukyplylygyny saklaýar. Hapalanan toprak arkaly botulizmiň döredijisi iýmit önümlerine düşýär. Adam gowy arassalanmadyk iýmiti iýende, botulizm bilen keselläp bilýär. Bakteriýanyň köp bölegi öýde gaplanan gaplar gowy ýuwulmadyk halatynda, doly arassalanmadyk gök önümleriň üsti bilen geçýär. Olara kömelek, badamjan, gök we balyk önümleri, et, işdäaçar we beýlekiler degişlidir. Botulizm döredijiler bedene düşende, zäher (toksin) bölüp çykaryp ugraýar. Keseliň gizlin döwri 2 — 12 sagatdan 7 güne, ortaça 18 — 24 sagada çenli dowam edýär. Esasy alamatlar garnyň töwereginiň agyrmagy, ýürekbulanma, gaýtarma, içgeçme, kähalatlarda bedeniň temperaturasynyň ýokarlanmagydyr. Bu kesel bilen kesellän adam çalt ýadaýar. Myşsalarda gowşaklyk ýüze çykýar. Keseliň ilkinji alamatlarynyň biri agzyň guramagy