"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Iýmit önümlerini konserwirlemegiň usullary

Fermentleriň täsiri bilen önümlerde ýüze çykýan biohimiki hadysalaryň basylmagyny we bes edilmegini üpjün edýän dürli usullar bilen iýmit önümlerini uzak wagtlap saklamak üçin gaýtadan işlemeklige «konserwirleme» diýilýär. Ol çalt zaýalanýan önümleri sarp etmegiň möwsümleýinligini aradan aýyrmaga, harytlaryň görnüşini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Konserwirlemede degişli önümleriň hili ýokary bolmalydyr, sebäbi ýokary hilli önümler tagamly we howpsuz konserwirlenýär. Onuň bolsa birnäçe usuly bar. 1. Fiziki:

Üzü­miň sag­ly­ga peý­da­sy

Iň dat­ly mi­we­le­riň bi­ri bo­lan üzüm, bil­şi­miz ýa­ly, to­mus we güýz pa­syl­la­ryn­da ýe­ti­şip, onuň yn­san sag­ly­gy üçin peý­da­sy öw­gä my­na­syp­dyr. Ol im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär, beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar. Dü­zü­min­de С wi­ta­mi­ni we mik­roe­le­ment­le­ri sak­la­ýan üzü­miň beý­ni, aş­ga­zan-içe­ge bi­len bag­ly ke­sel­ler­den, şol san­da düw­nük ke­se­lin­den go­ra­ýan­dy­gy luk­man­la­ryň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Üzü­mi çi­gi­di bi­len bi­le­lik­de iý­me­giň düw­nük öý­jük­le­ri­niň işi­ni bo­zup, zä­her­li tä­sir­le­ri azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni hem bel­le­mek ge­rek.

Ynsan saglygynyň sarpasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny gorap saklamak, jemgyýetimize sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda hormatly Belent Serkerdebaşymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda: «Ýurdumyz dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işe öz goşandyny goşmaga çalyşýar, temmäkä garşy göreşmekde netijeli hereketler ýaýbaňlandyrylyp, alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda bu iş has-da giň gerime eýe boldy. Bu babatda türkmen jemgyýetinde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleri görmek möhümdir» diýip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde anyk wezipeleri goýmagy Watanymyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň wajypdygyny görkezýär. Zyýanly endikler diňe bir saglyga zyýan ýetirmän, ol ösen döwletiň medeniýetine gabat gelmeýän närseleriň biridir. Zyýanly endiklerden daşda durmak dünýä inýän ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý bolmagyny gazanmaga mümkinçilik döredýär.

Maslahat geçirildi

Türkmenabat şäheriniň medeniýet öýünde welaýat onkologiýa hassahanasynyň guramagynda prostata mäziniň howply täze döremelerine garşy göreş boýunça biraýlygyň çäginde «Öz saglygymyz ugrunda göreşeliň!» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim ulgamynyň wekilleri hem-de Onkologiýa ylmy kliniki merkeziniň lukmanlary gatnaşdylar. Maslahatda lukmanlaryň täsirli hem-de peýdaly çykyşlary üns bilen diňlenildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, prostatit erkeklik jyns mäziniň sowuklamasy bolup, ol 20—50 ýaş aralygyndaky erkek adamlarda köp duş gelýän keseldir. Erkeklik jyns mäzine dürli ýokançlaryň düşmegi bu keseliň döremegine getirýär.

Hemişelik üns merkezinde

Döwletli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ildeşlerimiziň döwrebap şertlerde dynç almaklary we saglygyna dikeltmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda Milli Liderimiziň zähmet rugsadyndadygyna garamazdan, «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklanmagy bu aýdanlarymyzyň aýdyň mysalydyr. Ynsan saglygy ― biziň ýurdumyzda ähli zatdan ileri tutulýan meseledir. Ýurdumyzyň şypahanalary güýzüň bosagasyndaky günlerde-de köpadamly. Durky täzelenilýän, mümkinçilikleri artdyrylýan «Arçman» şypahanasy hem ýurdumyzda iň gelim-gidimli saglyk we dynç alyş merkezleriniň biri. Şypahanalarda has döwrebap şertleriň üpjün edilmegi ildeşlerimiziň göwün guşuny asmana göterýär.

Ähli işde görelde

Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzda awtomobil sporty okgunly ösüşe eýe bolýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezinde sport ulaglarynyň birini dolandyryp, onuň tehniki mümkinçiliklerini synagdan geçirmegi we häzirki döwürde merkezde alnyp barylýan işler, awtomobil sporty bilen meşgullanýan ýaşlaryň bu ugra bolan höwesi bilen gyzyklanmagy ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine zerur üns berilýändiginiň nyşanydyr.

«Akylly» şäheriň Taryhy-medeni seýilgähinde

Arkadag şäheriniň Taryhy-medeni seýilgähindäki «uludan kiçeldilen» binalaryň, desgalaryň nakysja şekilleri ünsüňi egleýär. Olaryň hersi barada aýratyn gürrüň edeniňe hem degýär. Biz bu şäherden o diýen uzakda bolmadyk «Arçman» şypahanasynyň we Köwata gowagynyň şekilleri barada aýtmakçy. Bu ýerdäki «Arçman» şypahanasynyň nyşanyna öwrülip giden dag goçlarynyň, Köwatanyň «derwezesiniň» şekilini bir gören adam dessine tanaýar. Olaryň ýanyndaky tanyşdyryş tagtasynda gyzykly maglumatlar bilen birlikde goýlan «QR» kody hem tüýs «akylly» şähere muwapyk. Bu ýurdumyzda syýahatçylyk ähmiýetli taryhy ýadygärliklerimiziň sanlylaşdyrylandygyndan nyşan.

Hil hem-de kepil

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaghanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasynyň berilmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda işleriň halkara görkezijilerine laýyklykda ýola goýlandygyny äşgär edýär. Bellenilişi ýaly, güwänama Arkadag şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň barlaghanasynyň işleriniň TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. ISO 9001 dünýäde hili kesgitlemek boýunça ykrar edilen standartdyr. Ol ähli ölçeglerdäki edaralara, pudaklara işlerini kämilleşdirmäge, bildirilýän talaplary ýerine ýetirmäge, hil boýunça ygrarlylygyny görkezmäge ýardam edýär. Bu standart arassaçylyk gulluklarynda işleriň netijelidigini, öz işine ussat hünärmenleriň zähmet çekýändigini we hyzmatlaryň ýokary derejelidigini görkezýär.

Teşnelige tenekar

Düýe çaly ynsan saglygyny goramakda we dürli kesellere garşy göreşmekde örän ähmiýetlidir. Onuň adamyň bedenine we saglygyna peýdaly täsirleri sanardan kändir. Türkmen halky asyrlarboýy düýe çalyny, agaranyny diňe bir gündelik iýmit hökmünde däl-de, dermanlyk üçin hem peýdalanyp gelýär. Bu önümiň dermanlyk aýratynlyklary ylmy taýdan doly subut edildi. Jana şypaly düýe çaly we agarany türkmen saçagynyň bezegidir. Ol adamyň diňe bir teşneligini gandyrman, eýsem, bedendäki suwdur duzuň, mikroelementleriň, witaminleriň gerek bolan mukdarda saklanmagyny üpjün etmäge ýardam edýär. Özüne mahsus bolan ysy we tagamy bilen tapawutlanýan düýäniň süýdi we çaly örän arassa önümdir. Düzüminde kesel dörediji mikroorganizmleriň, çüýrediji bakteriýalaryň ösüşini togtadýan kömür we süýt turşularynyň saklanmagy düýe süýdüni, çalyny uzak möhlet ulanmaga mümkinçilik berýär.

Gün urmasyndan goranyň!

Gün urmasy — bu aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde kelle-beýnä zeper ýetmegi bilen ýüze çykýan ýagdaý. Ol daşarda, deňizde, açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz Günüň aşagynda uzak wagtlap bolnanda ýüze çykyp biler. Gyzgyn howada beden suwuklygy aşa köp bölüp çykarmak arkaly derlemek bilen goralýar. Ýöne derlemek bilen bedenden gerekli maddalar we suwuklyk çykarylýar. Bu bolsa, öz gezeginde, bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna getirýär. Şol sebäpden, tomsuna pasla görä açyk reňkli nah matadan tikilen egin-eşikleri, başgaplary geýmek we ýanyňda ýeterlik mukdarda arassa agyz suwunyň bolmagyny üpjün etmek maslahat berilýär. Gün urmasynyň alamatlaryna ýürek bulanma, kellagyry, baş aýlanma, umumy gowşaklyk, aşa ukuçyllyk, ysgynsyzlyk, ýüzüň gyzarmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, gulak şaňlamasy, gözüň garaňkyramagy, dem alşyň we ýürek urşunyň çaltlaşmagy, deriniň Güne ýanmagy, çaşmak we tutgaý alamatlary degişlidir. Deňze gidýänlere Günüň şöhlesiniň ýere göni düşýän wagty, ýagny günortan howanyň aşa gyzýan wagty deňizde suwa düşmezlik, baş örtüksiz daşary çykmazlyk maslahat berilýär. Deňze suwa düşmäge gideniňizde, egniňize pagta eşikleri geýmeli, daşary başgaply çykmaly, daşarda bolan wagtyň arassa suwdan köpräk içmelidir.

Saglyk sahawatynyň saýasynda

Hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys» diýip belleýşi ýaly, häzirki wagtda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili barha ýokarlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde oba ilatyna ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak üstünlikli ýola goýuldy. Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda obalarda hereket edýän saglyk merkezleriniň durky täzelenip, olara öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary ornaşdyryldy. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşligindäki 403-nji oba saglyk öýi hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyza sowgat berildi. Bu döwrebap saglyk merkezinde oba ilatyna ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylýar. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berlen saglyk öýüniň döwrebap binasy obanyň görküne aýratyn görk goşýar.

Gün şöhlesiniň ynsan saglygyna täsiri

Gün şöhlesi adam bedeni üçin peýdalydyr. Ol bedeniň immunitetini pugtalandyrýar, gan aýlanyşyny işjeňleşdirýär, bakteriýalara garşy täsir edýär. Gün şöhlesiniň täsiri bilen öýjüklerde süňk dokumasyny berkidýän we agyr metallary bedenden çykarýan D witamini (kalsiferol) emele gelýär. Beýnide serotonin gormonynyň emele gelmeginde hem Gün şöhlesiniň ähmiýeti uly bolup durýar. Gün şöhlesiniň peýdaly häsiýetleriniň köpdügine garamazdan, onuň täsiriniň astynda bolmaga aşa ýykgyn edilmeli däldir. Howanyň güýçli gyzýan döwründe Günüň aşagynda köp wagtlap durlanda, deride ýanygyň döremegi mümkin. Şeýle bolanda, deride agyry peýda bolýar. Deri gyzarýar we soýulýar. Käte deri howply döreme (melanoma) döreýär. Gün urma, ýürek bulanma, ýüregiň urmasynyň ýygylaşmagy, endamyň gyzgynynyň ýokarlanmagy ýaly hadysalar bolup geçýär.

Güýzüň bosagasyndaky günlerde

Awgust aýynyň üçünji ongünlügine gadam goýduk. Güýzüň bosagasyndaky günlerde tomus howruny peseldip, salkyn howa akymy aralaşýar. Şonuň üçin hem howanyň yzygiderli üýtgeýän günlerinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin şu aşakdaky düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr. 1. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, kadaly iýmitlenmeli. Ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

Saglygymyzy goralyň!

■ Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ■ Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, zyýanly endiklerden daşda durmaly.

Ýatlamalarymyň ýagşysy

Ynsanyň ýatkeşligi örän ýiti bolsa, ol hatda 3-4 ýaşlaryndaky wakalaram hakydasyna dolap bilýär diýilýär. Bu, alymlaryň ýyllar boýy geçiren tejribeleriniň netijesi. Ýöne ynsanyň ýadynda bir zadyň şeýle möhürlenmegi üçin, ol onuň kalbynda üýtgeşik bir täsir galdyrmaly. Ýogsam, ynsan ony bahym unutgyç bolarmyş. Sözüm guraksy bolmaz ýaly, şeýle ýiti täsir galdyrandygy üçin hakydama möhürlenen bir ýatlamany siz bilen paýlaşmakçy. ...Kakamyň agasynyň aýaly — Bilbil gelnejem aýagynda agyry bardygyny ýaňzydypdyr. Özem dyzçanagynda eken. Doganoglan agam jaň etdi-de, boş wagtymyň bar-ýoklugyny sorady. Ýok bolsa-da, agaň jaň eden wagty bar diýäýmeli bor. Agaň-da ol! Ulagyny howlymyzyň deňesinde saklap, birküç ýola duýduryjy sesini basdy welin, dessine gapydan çykdym. Ulagyň yzky oturgyjynda-da gelnejem dyzyny owkalap otyr. Agamyň gapdalynda joňkaryp oturyşyma: «Ugur hanjak, agam?» diýdim. Ol ýoldan ünsüni sowman:

Peýdaly maslahatlar

Günüň ýiti şöhlesinden goranyň! Açyk reňkli, nah matadan tikilen ýeňil eşikleri geýiň!

Gün şöhlesinden dogry peýdalanyň!

Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, howanyň ýokary gyzgynlygy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Gün şöhlesiniň adam saglygyna belli derejede peýdalylygy barada hiç kimde şühbe döremeýär. Onuň täsiri arkaly bedende ýaşaýyş üçin derwaýys maddalar emele gelýär. Ýaş çagalarda rahit keseliniň öňüni almaga ýardamy bolan D witaminiň gerek mukdaryny almak üçin 15 — 20 minut, her gün irden 9-a çenli, agşam 18-den soň, çagalar bilen gezelenç etmek ýeterlikdir. Gün şöhlesi uly adamlar üçin hem gerekdir. Haçan-da, beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizlik, ukusyzlyk we sussupeslik ýüze çykýar. Adam Günsüz oňup bilmez, ýöne onuň şöhlesiniň ynsan saglygyna belli derejede zyýanlydygyny-da ýatdan çykarmaly däldiris. Onuň zyýanly täsiri ultramelewşe şöhleleri arkaly ýüze çykýar. Açyk howada işlenilende Gün urmadan goranmak üçin başgap, mümkin bolsa ak, açyk reňkli eşik geýmäge çalyşmaly, saýawan götermeli we bedendäki suwuklygyň deňagramlylygyny saklamak üçin köpräk suw içmeli. Howanyň gyzmagy bilen bedenden köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy netijesinde, diňe bir bedendäki gyzgynlygyň deňagramlylygy bozulman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna-da getirýär. Bu bolsa insult we infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Jemgyýetiň sagdynlygy — döwrüň talaby

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýan, halkyň abadan hem bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edýän, göwünleri galkyndyrýan ajaýyp wakalara beslenýär. Ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmekde, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny döwrüň talabyna laýyk ösdürmekde, ýurdumyzda agzybirligiň, asudalygyň höküm sürmegini gazanmakda bitirilýän beýik işler döwlet Baştutanymyza bolan söýgi-buýsanjy has-da artdyrýar. Ylym-bilimiň döwletimiziň berk binýady bolmagy bilen, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga giň mümkinçilik berýändigi-de aýdyň hakykatdyr. Döwletimiziň häzirki zaman ösüşini, eşretli ertirini üpjün etmek maksady bilen, ýaşlaryň bilimli, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän şertler geljege bolan ynamymyzy has-da artdyrýar. Çünki şu günki ýaşlar Watanymyzyň geljegidir. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň şan-şöhratyny arşa göterjek ýaşlaryň zähmetsöýer, ilhalar, sagdyn adamlar bolup ýetişmegi üçin alnyp barylýan işlere goşandymyzy goşmaga çalyşýarys. Olaryň arasynda dürli çäreleri, bäsleşikleri, sport ýaryşlaryny yzygiderli geçirýäris. Çünki döwrümiziň ýaşlarynyň ilhalar raýatlar bolup ýetişmekleri diňe bir ene-atanyň ýa-da bilim işgärleriniň borjy däl-de, eýsem, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň hem borjudyr. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, geljek

Saglyk — beglik

♦Tomus paslynyň aýratynlyklaryna görä geýinmeli, Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. ♦Öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly.

Baş baýlygyň goragynda

Lukman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, raýatlaryň saglygy hakyndaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başda durmagynda işlenip düzülen we bu günki gün üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy raýatlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, esasan hem, ýurtda ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda esasy ýol-ýörelgeleri, möhüm wezipeleri kesgitleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň pugta binýady emele getirildi. Çagalaryň we eneleriň saglygynyň pugta goraglylygynyň üpjün edilmegi, köp ýaýran keselleriň, ýokanç keselleriň sanynyň düýpgöter kemelmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň milli aýratynlyklara laýyklykda durmuşa ornaşdyrylmagy, ilaty öz topragymyzda bitýän dermanlyk ösümliklerden hem-de ýerli çig mallardan öndürilýän dermanlar bilen üpjün etmek boýunça döwrebap işleriň amala aşyrylmagy, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly hassahanalaryň gurulmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň uly ösüşlere beslenýändiginiň, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen b