Gün şöhlesiniň ynsan saglygyna täsiri

21 Awgust 2024
507

Gün şöhlesi adam bedeni üçin peýdalydyr. Ol bedeniň immunitetini pugtalandyrýar, gan aýlanyşyny işjeňleşdirýär, bakteriýalara garşy täsir edýär. Gün şöhlesiniň täsiri bilen öýjüklerde süňk dokumasyny berkidýän we agyr metallary bedenden çykarýan D witamini (kalsiferol) emele gelýär. Beýnide serotonin gormonynyň emele gelmeginde hem Gün şöhlesiniň ähmiýeti uly bolup durýar.

Gün şöhlesiniň peýdaly häsiýetleriniň köpdügine garamazdan, onuň täsiriniň astynda bolmaga aşa ýykgyn edilmeli däldir. Howanyň güýçli gyzýan döwründe Günüň aşagynda köp wagtlap durlanda, deride ýanygyň döremegi mümkin. Şeýle bolanda, deride agyry peýda bolýar. Deri gyzarýar we soýulýar. Käte deri howply döreme (melanoma) döreýär. Gün urma, ýürek bulanma, ýüregiň urmasynyň ýygylaşmagy, endamyň gyzgynynyň ýokarlanmagy ýaly hadysalar bolup geçýär.

Jemal ATAÝEWA,
Daşoguz şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň lukmany.