Saglyk sahawatynyň saýasynda

21 Awgust 2024
551

Hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys» diýip belleýşi ýaly, häzirki wagtda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili barha ýokarlandyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde oba ilatyna ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak üstünlikli ýola goýuldy. Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda obalarda hereket edýän saglyk merkezleriniň durky täzelenip, olara öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary ornaşdyryldy. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşligindäki 403-nji oba saglyk öýi hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyza sowgat berildi. Bu döwrebap saglyk merkezinde oba ilatyna ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylýar. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga berlen saglyk öýüniň döwrebap binasy obanyň görküne aýratyn görk goşýar.

Döwletnazar IŞANGULYÝEW,
«Daşoguz habarlary».