Güýz çigregi gapyda
Güýz paslynyň salkyn howaly günleri başlady. Muňa howasy tomsuňkydan tapawutly bolmasa-da, ýaşulularymyzyň: «Güýz çigregi gapyda» diýip, çäkmenini egnine atynýan döwri diýýärler. Kä serginjek ýel-ýagmyrly, käte-de egniňi derlediberýän yssy howaly bu günlere «howa çalyşýan möwsüm» hem diýýärler. Bu döwürde her kimiň öz saglygyna we öýüň ýaşulusydyr ýaşkiçisiniň saglyk ýagdaýyna örän ünsli bolmagy gerek. Ýogsam, kiçijek perwaýsyzlykdan başlanyp, kän gezek puşman etdirjek sowuklama keseline duçar bolunmagy mümkin. Bu döwrüň adamlaryň beden saglygyna we ruhy ahwalyna ýaramaz täsir edýän hallary az däl. Howanyň temperaturasynyň peselmegi, çyglylygyň üýtgemegi, günüň gysgalmagy ýaly ýagdaýlar käbir keselleriň döremek sebäplerine ýol açýar. Güýz-gyş aýlarynda bulutly günleriň köp bolýandygy üçin adamlar Gün şöhlesini ýeterlik möçberde alyp bilmeýärler. Şonuň netijesinde bedende bioritmi sazlaýjy melatoniniň sintezi peselýär. Bu gormonyň ýetmezçiligi zerarly uky bozulmasy, ýadawlyk, kellagyry ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Melatoniniň biosinteziniň möwsümleýin azalmagy bilen, adamyň umumy ýagdaýy kesellemäge ýykgyn bolýar. Gün şöhlesiniň ýetmezçilik etmegi organizmde D witaminiň öndürilmegine-de täsir edýär. Onuň kadadan peselmegi köp agzalaryň, ilkinji nobatda, immun we ýürek-damar ulgamlarynyň işine täsir edýär.