Sagdyn durmuşyň binýady

4 Oktýabr 2024
428

Diýarymyzyň her bir güni taryhy wakalara, şanly senelere, ýokary zähmet üstünliklerine beslenýär. Şol üstünliklere ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýar. Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Oňa biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly taryhy çykyşlarynda aýdyň göz ýetirdik.

Halkymyzyň röwşen geljeginiň binýadyna berilýän şeýle uly üns-aladanyň ýokary derejede bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Şu ýylyň özünde saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda ençeme işler durmuşa geçirildi. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň 6 aýdan uly bäbejikler üçin goşmaça iýmit bolan süýtli çaga şülesiniň 4 görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýulmagy aýratyn bellärliklidir. Sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde dünýä ýüzünde ençeme ýola ykrar edilen ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygary halkymyzy Gün kibi çoýýar. Hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda ýakyn wagtda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga beriljekdigini, şeýle-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdelerini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň işe giriziljekdigini belläp geçdi. «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk goşmaça binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Aýjamal TAGANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň göz keselleri kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.