Ýüzi mahy-tabanym

4 Oktýabr 2024
521

Yssy howa deride kiçijik düwürtikleriň ýa-da tegmilleriň peýda bolmagyna, gözlerimiziň töwereginde ýygyrtlaryň döremegine sebäp bolýar. Şol sebäpden hem ýörite gün kreminden peýdalanmaly hem-de gara reňkli äýnekleri ulanmaly bolýar. Howanyň derimize ýetiren zyýanlaryndan halas bolmak üçin ýapgylardan peýdalanmaly.

Terje bir hyýary alyp gyrgyçdan geçirmeli we ony ýüzümize ýapmaly. Üstünden çygly hasany hem goýmaly-da ýapgyny 20 minut saklamaly. Şonda ýapgynyň täsir edijiligi güýçlener. Hyýaryň galyndylaryny pamyk bilen süpürip aýyrmaly we ýüzümizi ýyly suw bilen ýuwmaly. Bu ýapgy ýüzlere tämizlik berer hem-de deriniň çekilmegine kömek eder.

Taýýarlan Äşe HOJAMUHAMMEDOWA,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap hassahanasynyň şepagat uýasy.