Magtymguly we Gündogar edebiýaty
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda taryhymyzy, medeniýetimizi, edebi mirasymyzy, sungatyň dürli ugurlaryny öwrenmekde köptaraplaýyn jemgyýetçilik, döredijilik, ylmy, durmuş, taryhy ähmiýetli möhüm işler üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde orun alan eserleriň terjime we neşir edilişinde, dünýäniň dürli geografik sebitlerinde köptaraply öwrenilişinde, wagyz edilişinde täze şöhratly taryhy tapgyryň galkynyşlary üstünlikli dowam edýär. Taryhy ösüşlere baha berlende, köplenç, edebiýatyň kämillik basgançaklaryna, ýörelgelerine we edebi miraslaryň görnüşlerine ýüzlenilýär. Gadymy Beýik Ýüpek ýolundan gözbaş alyp gaýdýan Gündogaryň edebi-jemgyýetçilik hereketleriniň hyzmatdaşlyk akymynyň ýakymy bu günki gün ýürek ýollaryny ýylatmagyň nobatdaky tapgyrlaryna hem uly badalga berýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň ösüşinde we taryhynda akyl gurşawynyň giňligi, çuňlugy, beýikligi, milliligi, döwrebaplygy we kämilligi bilen aýratyn sarpa goýulýar. Dana şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň epiki žanry bolan dürli mazmundaky dessanlaryň, ertekileriň, rowaýatlaryň ýordumlaryna, Gündogaryň edebi ýazuw ýadygärliklerinde orun alan kyssalara, halk hekaýatlaryna we olar bilen bagly taryhy, nusgawy çeperçilik gymmatlyklara baýlygy, parasatlylygy bilen aýratyn tapawutla