«Taryha ýazylmyş Änew bozulmaz»
Türkmen halky gadymy halklaryň biridir. Onuň baý taryhy, ruhy, medeni we maddy gymmatlyklary bar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistan — Änew, Altyndepe, Margiana, Ürgenç, Maşat-Misserian, Sarahs, Farawa, Şährislam, Şähribossan, Amul, Namazgadepe, Abywerd, Nusaý we köpsanly beýleki ýadygärlikler ýaly, dünýä ylmynyň üns merkezinde duran, özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren ýüzlerçe arhitektura we arheologiýa ýadygärliklerine, medeni-ruhy gymmatlyklara baý ülkedir» diýmegi hem şaýatdyr. Muny türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegi-de tassyklaýar. Bu çözgüt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň, şol sanda umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de halkara derejesinde wagyz edilmegine gönükdiren taýsyz tagallalarynyň nobatdaky subutnamasydyr. Taryhy maglumatlara görä, 1902 — 1904-nji ýyllar aralygynda belli amerikan alymy Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa Änewde gazuw-agtaryş işlerini geçirende bu mekandan ak bugdaýyň dänejiklerini tapypdyrlar. Amerikan alymlary ak bugdaýyň bu dänejiklerine ylmy barlag geçirenlerinde