Omar Haýýam — Gündogaryň kämil paýhasy

10 Ýanwar 2024
1575

Omar Haýýam 1048-nji ýylda Nişapurda dogulýar. Ol şol ýerdäki medresede musulman hukugy we lukmançylyk boýunça ilkinji okuwlary geçýär. Lukman hünärine eýe bolsa-da, bu iş ony az gyzyklandyrýar. Ýaş Omar antik döwrüniň matematikleriniň arap diline terjime edilen işleri bilen gümra eken.

Ol 16 ýaşynda Balha, soňra Samarkanda gidýär. Samarkantda Omar meşhur halypalaryň elinde okuwyny dowam etdirmek isleýär. Medreseleriň biriniň sopusy bolandan soň, Omar birnäçe çekişme çykyşlarynda özüniň bilimliligi bilen daş-töweregindäkileri haýran galdyrýar we ony dessine mugallymlaryň hataryna alýarlar. Ol dört ýyl Samarkantda ýaşap, baý kitaphanalary bilen meşhur bolan Buhara gidýär. Omar ol ýerde dessine kitaphanalaryň birinde kitaplary saklaýjy bolup işe ýerleşýär.

Juma ORAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.