Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dargana şährine gökden ses geler» — diýip belläpdir. Muny ýatlamak bilen, geçmişden hem geljekden habarly akyldaryň, Darganatany baryp-ha şol döwürde ony diňe bir şäher diýip atlandyrman, eýsem, bu ýere uly ähmiýet berendigine üns çekmek isledik. Hawa, Magtymguly atamyz külli adamzadyň ykbaly, bu uly dünýäniň dürli ýagdaýlary hakynda söz açanda, tutuş goja Zemin üzre iň möhüm ýerleriň hatarynda Darganatanyň adyny hem getirýär.
Şahyryň şu setirine gaýtadan nazar aýlap, ýaňy-ýaňylar, biz oglan wagtlarymyz hem garrylaryň gep arasynda bu ýeriň adyny «Dargana» (ýa-da «Dargan») diýip tutandyklary ýadyma düşýär. Mundan bary-ýogy ýarym asyr çemesi ozalky ýaşulular häzirki Darganatanyň adyny Magtymguly atamyzyň mundan, gör, näçe wagt ozal atlandyryşy ýaly atlandyrýardylar.