"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Formula-1-de» täze topar peýda bolar

«Formula-1» ýaryşlarynda täze topar peýda bolar. Has anyk aýtsak, 2026-njy ýyldaky möwsümden başlap, «Kadillak» topary «Formula-1» ýaryşynda çykyş edip ugrar. Ol «General Motors» hem-de «TWG Global» kompaniýalary tarapyndan bilelikde esaslandyrylar. Bu topar deslapky 2 möwsüminde kärende hereketlendirijilerden peýdalanar. 2028-nji ýyldan başlap bolsa, hereketlendirijileri özi öndürmäge girişer. «Formula-1-de» ilkinji gezek gatnaşjak bu toparyň direktory amerikaly rowaýaty sürüji Mario Andretti bolar. Ýeri gelende, onuň 1978-nji ýylda «Formula-1» möwsüminiň çempiony bolandygy bellärliklidir.

Nistelroý «Lestere» tälim berer

«Lester» topary baş tälimçilige Rud wan Nistelroýy belledi. Niderlandly hünärmen «tilkiler» bilen 2027-nji ýyla çenli niýetlenilen şertnama gol çekişdi. Rud wan Nistelroý «Lesteriň» halypasy hökmündäki ilkinji oýnuny geçen hepdäniň şenbe güni «Brentford» garşy geçirdi. Şol oýun 4:1 hasabynda «Lesteriň» ýeňlişi bilen tamamlandy.

Taryhy rekord we ilkinji ýeňiş

«Mançester Ýunaýted» täze baş tälimçisi Ruben Amorimiň golastynda ilkinji ýeňşini gazandy. Bu ýeňiş Ýewropa ligasynyň 5-nji tapgyrynda «Budýo-Glimt» bilen oýunda gazanyldy. Has takygy, şol oýun 3:2 hasabynda «Mançester Ýunaýtediň» ýeňşi bilen gutardy. «Opta» seljermeler merkeziniň maglumatlaryna görä, bu oýunda toparyň taryhyndaky özboluşly rekord hem täzelenildi. Ýagny şol gapma-garşylykda «Mançester Ýunaýted» öz taryhynda ilkinji gezek bir oýunda 700 gezekden köp paslaşdy. Oýunda Ruben Amorimiň şägirtleriniň amala aşyran paslarynyň sany 723-e ýetdi. Mundan başga-da, iňlis kluby topa 72,4 göterim eýelik etdi.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň kö­pu­gur­ly sport top­lu­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Dzýu­do we Ka­ra­te-do fe­de­ra­si­ýa­la­ry­nyň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, spor­tuň dzýu­do we ka­ra­te-do gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy­ny al­mak ug­run­da­ky ýa­ryş uly ru­hu­be­lent­li­ge bes­len­di. Ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar sport bi­ler­men­le­rin­de aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.

Kýorlingçiler halkara ýaryşlarynyň synagyndan geçýärler

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Türk­me­nis­ta­nyň kýor­ling fe­de­ra­si­ýa­sy 2025-nji ýyl­da Har­bin­de ge­çi­ril­jek gyş­ky Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek üçin dür­li çä­re­ler ge­çir­ýär. Bu mak­sat bi­len to­par­la­ry­my­zyň üs­tün­lik ga­zan­mak üçin güý­jü­ni we teh­ni­ki taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da alnyp barylýan iş­le­r güýçli depginde dowam etdirilýär. Mun­dan öň türk­me­nis­tan­ly kýor­ling­çi­ler Nor­we­gi­ýa­da okuw-tür­gen­le­şik­le­ri­ne gat­na­şyp, tej­ri­be ga­za­nyp­dy­lar. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň sy­nag­lar­yndan geç­mek üçin taý­ýar­lyk gör­ýär­ler. Bu çä­re­ler Azia­da­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak üçin mö­hüm ädim­ler bo­lup dur­ýar.

Sport — bag­ty­ýar­ly­ga ba­dal­ga

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pe­der ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry we ýaş ne­sil­ler ba­ra­da­ky ala­da­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­ler söý­gi we mä­hir bi­len gur­şal­ýar. Ola­ryň äh­li­ta­rap­la­ýyn sag­dyn-saz­la­şyk­ly ösüp ke­ma­la gel­mek­le­ri üçin giň möç­ber­li iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýaş­la­ry köp­çü­lik­le­ýin spor­ta we be­den­ter­bi­ýä çek­mek ba­ra­da­ky öň­de goý­ýan we­zi­pe­le­rin­den ugur al­nyp, ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mek­li­ge we ýaş­la­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tür­gen­le­şip, sport äle­min­de ök­de tür­gen­ler bol­mak­la­ry­ny ga­zan­mak ug­run­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Türk­me­nis­tan­da at­çy­lyk spor­ty

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Türk­me­nis­tan — dün­ýä­niň at­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­niň we spor­tunyň ga­dy­my mer­kez­le­rin­den bi­ri­dir. Bu ýer­de meş­hur ahalte­ke be­dew­le­ri, at­çy­lyk spor­ty we Aba An­na­ýew adyn­da­ky Halkara at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy Türk­me­nis­ta­na aý­ra­tyn şöh­rat ge­ti­ren aýratynlyklaryň bi­ri­dir. Türk­men hal­ky­nyň asyr­la­ryň do­wa­myn­da ös­dü­rip ge­len bu at­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti hä­zir­ki dö­wür­de döw­re­bap ýö­rel­ge­ler bi­len ut­ga­şyp, tä­ze men­zil­le­re ýet­ýär. Şeý­le-de, lukmançylykda ula­nyl­ýan ip­po­te­ra­pi­ýa ady bi­len ta­nal­ýan tä­sir­li sa­gal­dyş usu­ly­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky ösü­şi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.

Sport — ru­hu­be­lent ýaş­ly­gyň hem­ra­sy

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ha­sam giň ýaý­baň­lan­ma­gy, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­niň ro­waç­lan­ma­gy, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­nyň dün­ýä­de ýo­kar­lan­ma­gy Gahryman Arkadagymyz we hormatly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan döw­let de­re­je­sin­de ile­ri tu­tul­ýan wa­jyp we­zi­pe­le­re de­giş­li­dir. Ila­tyň sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy, us­sat tür­gen­le­riň ke­ma­la gel­me­gi, mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň, ta­lyp ýaş­la­ryň we äh­li ra­ýat­la­ryň sport çä­re­le­ri­ne hem-de bäs­le­şik­le­ri­ne giň­den çe­kil­me­gi üçin bar­ha amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Ne­ti­je­de, hä­zir­ki dö­wür­de sport bi­len ça­ga­lyk­dan dost­la­şan sag­dyn, berk be­den­li hem-de sy­rat­ly ýaş­la­ry­my­zyň sa­ny git­di­gi­çe art­ýar.

Spor­ta söý­gi — durmuşa söýgi

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Kal­by joş­gun­dan, ýü­re­gi buý­sanç­dan do­ly ag­zy­bir türk­men hal­ky­myz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň peş­geş be­ren za­ma­na­syn­da bag­ty­ýar dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýar.

Saz we sport

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Saz we sport adam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň iň mö­hüm iki gym­mat­ly­gy hök­mün­de bi­rek-bi­re­ge ut­ga­şyk­ly tä­sir edip, be­de­niň we ru­huň bi­te­wü­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. Bu iki ug­ruň bir­leş­me­gin­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler di­ňe bir sport ýa­ryş­la­ryn­da däl, eý­sem ada­myň gün­de­lik dur­mu­şyn­da hem uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Sa­zyň tür­gen­le­re ru­hy güýç ber­me­gi, ola­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­me­gi we spor­tuň hem-de sa­zyň ada­my kä­mil­leş­dir­me­gi ýa­ly ugur­lar gi­ňiş­le­ýin öw­re­nil­mä­ge my­na­syp­dyr.

Saz türgenleri ruhlandyrýar

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Sa­zyň sport bi­len bag­la­ny­şy­gy spor­tuň dür­li gör­nüş­le­rin­de giň­den ula­nyl­ýar. Tür­gen­le­şik­ler­de we ýa­ryş­lar­da saz tür­gen­le­riň ru­hu­ny gal­dyr­mak we ola­ryň fi­zi­ki güý­jü­ni kä­mil­leş­dir­mek üçin mö­hüm gu­ral­dyr. My­sal üçin:

Tennis raketkasy

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Spor­tuň sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­nis gör­nü­şi ra­ket­ka­ly oýun­la­ryň bi­ri­dir. Bu gy­zyk­ly oýu­nyň ta­ry­hy­na ser sal­sak, il­ki­baş­da oýun üçin di­ňe agaç­dan ýa­sa­lan ra­ket­ka­lar ula­ny­lyp­dyr, ýag­ny re­zin ör­tü­gi bol­man­dyr. Soň­ra dy­ky­lar­dan ýa­sa­lan ör­tük­li ra­ket­ka­lar peý­da bo­lup­dyr. Em­ma olar­da oý­na­mak amat­ly bol­man­dyr. 1903-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek gat­la­gy öý­jük­li kau­çuk­dan ýa­sa­lan ra­ket­ka ula­nyl­ýar. To­py her dür­li usul bi­len aý­la­mak, oňa gö­zeg­çi­lik et­mek müm­kin­çi­li­gi dö­räp­dir. Şeý­dip, sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­ni­siň ka­da­la­ry üýt­ge­ýär.

Bedenterbiýe we sport

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem sport üstünliklerine beslenýär. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň öz işiniň ussady bolan tälimçi-mugallymlarynyň halypalyk edýän toparlarynda türgenleşýän zehinli türgenleriň ençemesi dürli ýaryşlara, spartakiadalara, şeýle-de, halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Ýakynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde taekwondo (ITF) boýunça geçirilen Dünýä kubogynda sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymy Orazmyrat Çaryýew hem-de türgenimiz üstünlikli çykyş etdi. Şeýlelikde, Ysmaýyl Taýlyýew (35 kg) şahsy tuldan altyn, Orazmyrat Çaryýew (64 kg) kümüş medallara mynasyp boldular.

Kazandaky üstünlik

Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guşakly göreş boýunça ulularyň arasyndaky dünýä çempionatynyň hem-de 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky dünýä birinjiliginiň Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň uly üstünligi bilen jemlenmegi sportuň bu görnüşinden milli mekdebimiziň ajaýyp ýeňşine öwrüldi. Dünýä çempionatynda 34 ýurda wekilçilik eden türgenleriň 250-den gowragy baýrakly orunlar ugrunda göreşdi. Ulularyň dünýä çempionatynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçylary Abdyresul Durdyýew (62 kg) bilen Pälwan Gurbangeldiýew (100 kg) hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby Annagurban Allaberdiýew (90 kg) garşydaşlarynyň ählisinden üstün çykyp, altyn medallary gazanmagyň hötdesinden geldiler.

Erjel pälwan

Kämil mekdep hökmünde belli bolan türkmeniň pälwançylyk ýoly dünýä nusgalyk ägirtleri bilen halkymyzyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýratlylyk hem tutanýerlilik häsiýetlerini äleme ýaýdy. Bu gün türkmen pälwanlarynyň dünýä derejesindäki ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri bolsa nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýeten şol ýoluň has-da kämilleşdirilýändiginden nyşandyr. Ine, golaýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda hem-de 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky dünýä birinjiliginde türkmen pälwanlarynyň gazanan üstünlikleri hem bu hakykatyň subutnamasy boldy. Şol ýerde garşydaşlarynyň ählisinden rüstem gelip, dünýäniň çempiony bolmagy başaran ussatlarymyzyň biri hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy Abdyresul Durdyýewdir. 62 kilogram agram derejesinde göreşen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň çagyryş boýunça harby gullukçysy A.Durdyýew bu çempionatda täjik, gazak hem mongol pälwanlaryny ahmyrda goýup, finalda çykyş etmäge hukuk gazandy. Jemleýji duşuşykda garşylyklaýyn zyňyş emelini ulanmak bilen, gyrgyz türgenini ýeňmegi ildeşimiziň dünýäniň çempiony bolmagyny şertlendirdi. * * *

Awtomobil sporty: ýeňişli menziller

Ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, awtomobil sportuny ösdürmek ugrundaky ädimleriň hem rowaçlyklara beslenýändigini aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ösüşiň möhüm tapgyrlaryny ynamly geçen awtomobil sporty boýunça milli mekdebimiz bu gün hormatly Prezidentimiziň döredýän şert-mümkinçilikleriniň netijesinde uly öňegidişliklere eýe bolýar. Türkmen ekipažlarynyň halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri munuň aýdyň mysalydyr. Bu hakykat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 26-27-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara foruma gatnaşmak üçin sapar bilen ýurdumyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todt bilen bolan duşuşygynda hem beýan edildi. «Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlygyny artdyrmak üçin degişli işler geçirilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň halkara ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny, munuň bolsa türkmen türgenleriniň halkara derejede ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýandygyny belledi.

Kämilligiň çägi ýok

Dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hem sportuň köpçülikleýin meşgullanylýan görnüşleriniň biri futboldyr. Heniz mekdep ýaşyna hem ýetmedik çagalaryň howlularynda ýa-da öýleriniň töwereginde top kowalap ýören pursatlaryna häli-şindi gabat gelmek bolýar. Elbetde, topuň yzynda ylgap ýören her bir körpeden futbolçy çykanok. Sportuň ähli görnüşinde bolşy ýaly, futbolda hem, ilkinji nobatda, dogabitdi zehin, ukyp, başarnyk gerek. Balkan welaýatynda önüp-ösen Tirkişmyrat Sarymyradow hem kiçiliginden şeýle başarnyga eýedigini görkezmegi başardy. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň «Aşgabat» toparynda çykyş edýän ýarymgoragçy 2004-nji ýylda Gyzylarbat etrabynyň Hojagala obasynda dünýä inýär. Şu obadaky 13-nji orta mekdepde bilimler dünýäsindäki ilkinji ädimini äden geljekki futbolçynyň maşgalasy Balkanabat şäherine göçüp gelýär we ol 2-nji synpdan başlap 15-nji orta mekdepde okap ugraýar.

TFF-niň täzelikleri

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 30-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Mary şäherinde ýerli «Merw» paýtagtymyzyň «Köpetdagynyň» derwezesinden jogapsyz iki top geçirip, utugyny 35-e ýetirdi. Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny Şöhrat Öwmadow (45+1-nji minut)) bilen Serdar Annamämmedow (64-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. Türkmenbaşy şäherinde «Şagadam» Balkanabat şäheriniň «Nebitçisini»

Zenan futbolynyň taryhyndan

Zenanlaryň futbol oýnamagy orta asyrlara çenli Hytaýda-da, ösen Ýewropa ýurtlary bolan Angliýada, Germaniýada, Niderlandlarda hem kän bir oňlanylmandyr. Ýöne wagtyň geçmegi bilen, bu ugurdaky tagallalar ýerine düşüpdir. Şotlandiýada ХVII asyryň ahyrlarynda zenan toparlarynyň arasynda resmi ýaryşlaryň guralandygy barada maglumatlar bar. Şeýle-de bolsa, 1970-nji ýyla çenli dünýäniň aglaba ýurtlarynda futbol diňe erkek kişileriň meşgullanýan sport görnüşi hasaplanypdyr. Muňa garamazdan, ABŞ-da, Norwegiýada, Şwesiýada, Italiýada, Germaniýada futbol bilen çynlakaý meşgullanýan zenanlar ýyl-ýyldan köpelipdir.

Halkara olimpiada üstünlikli geçirildi

Düýn — 29-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiýa tehnologiýalarynyň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň ýapylyşy hem-de halkara olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu halkara olimpiadasyna Russiýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden we ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynyň 21-inden talyplaryň 220-ä golaýy gatnaşdy.