Halkara olimpiada üstünlikli geçirildi

29 Noýabr 2024
229

Düýn — 29-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasynyň hem-de «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiýa tehnologiýalarynyň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň ýapylyşy hem-de halkara olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Bu halkara olimpiadasyna Russiýanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Rumyniýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Gazagystanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 23-sinden we ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynyň 21-inden talyplaryň 220-ä golaýy gatnaşdy.

Ýörite habarçymyz.