«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024
Saz we sport adamzat medeniýetiniň iň möhüm iki gymmatlygy hökmünde birek-birege utgaşykly täsir edip, bedeniň we ruhuň bitewüligini üpjün edýär. Bu iki ugruň birleşmeginde gazanylýan üstünlikler diňe bir sport ýaryşlarynda däl, eýsem adamyň gündelik durmuşynda hem uly ähmiýete eýedir. Sazyň türgenlere ruhy güýç bermegi, olaryň saglygyny berkitmegi we sportuň hem-de sazyň adamy kämilleşdirmegi ýaly ugurlar giňişleýin öwrenilmäge mynasypdyr.