Päsgelçiliklerden atly bökmek ýaryşy
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli düýn Halkara ahalteke atçylyk toplumynyň ýapyk manežinde atly sportuň päsgelçiliklerden atly bökmek — konkur bäsleşigi geçirildi. Ýaryşa jemi 11 sany saýlama bedew gatnaşdyryldy. Atly sportuň konkur görnüşiniň düzgünlerine görä, atlar birinji tapgyrda 1 metr 10 santimetr beýiklikdäki päsgelçiliklerden böküp geçdiler. Päsgelçiliklerden iň az wagtda hem jerime almazdan ýa-da az jerime bilen böküp geçen, Milli atly sport merkezine degişli Atbasar (Seýitymam Seýidow), Türkmenistanyň milli atly sport federasiýasyna degişli Altynhan (Yhlas Çopanow) hem Toýçy (Ýazgeldi Garajaýew), Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Alamat (Möwlam Ballyýew), Hanaý (Annadurdy Hallyýew), Gudrat (Mergen Gurbanlyýew) hem-de Terbaş (Merdan Pirmyradow) ýaly bedewler bäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu tapgyrda badalgadan pellehana çenli goýlan päsgelçilikleriň beýikligi 1 metr 20 santimetre ýetirildi. Şeýlelikde, bäsleşigiň 2-nji tapgyrynda üstünlikli çykyş eden çapyksuwar-türgen Seýitymam Seýidowyň erk eden Atbasar, Yhlas Çopanowyň erk eden Altynhan, Ýazgeldi Garajaýewiň erk eden Toýçy hem-de Mergen Gurbangulyýewiň erk eden Gudrat diýen bedewleri bäsleşigiň 3-nji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bu tapgyrda päsgelçilikleriň