Ýurdumyzyň sport diplomatiýasy rowaçlanýar
Şu ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Döwrümize ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy wakalar, çar ýandan gelip gowuşýan hoş habarlar, durmuşa geçirilýän beýik işler görk berýär. Halkymyzyň eziz Watanyna, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza söýgüsini, buýsanjyny has-da artdyryp, belent maksatlara, täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Ýagny Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, döwletlerdir halklaryň arasyndaky dostlugy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň, sport diplomatiýasynyň rowaçlanmagy ugrundaky ýene bir möhüm ädimidir.