Her ýyl ýere ýyly girip, Halyl Kulyýewiň ussatlyk bilen beýan edişi ýaly, gaýalaryň gary eräp, agaçlar pyntyklap başlanda, ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin bag ekmek dabaralary geçirilýär. Şahyryň bu goşgy setirleri tebigata aşyk ýüregimize agaç nahallaryny oturtmagyň, ekmegiň sogaplygy hakyndaky pikirleri guýýar. Meýdana ýa bolmasa-da howlyňdaky boş ýere çykagada bolmanda, ýeke agaç bir ekesiň, ony nesillere ýadygärlik galdyrasyň gelýär.
Bize häli-şindi belli-belli adamlar hakyndaky gürrüňleriň gidýän ýerinde: «Şu agajy ol hut öz eli bilen ekipdir. Üstünden näçe ýylyň geçendigine garamazdan, ol agaç entegem guraman otyr. Şahalarynda guşlar saýrap, saýasynda adamlar düşläp geçýär...» diýen gürrüňleri eşitmek miýesser edýär.