Bag — barlyk hem baýlyk. Türkmençilikde daş-töweregiňi bagy-bossanlyga öwürmek ýagdaýyna ähli döwürlerde hem borç hökmünde garalypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgeler täzeçe röwüşde dowam etdirilýär. Şu gün — 18-nji martda ýurdumyzda geçirilýän ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy asylly däbe öwrülen ekologik tutumyň mynasyp dowamydyr.
Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakynda Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýyl ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbi ekiler. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.