Milli Bahar baýramynyň öňüsyrasynda — 18-nji martda Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem hormatly Prezidentimiziň başlangyjyna eýerip, bag daragtlaryny ekmek dabarasyna gatnaşdylar. Bag ekişlik dabarasynda çykyş edenler bu günki ekilýän daragtlaryň mähriban Watanymyza bolan çäksiz söýgüleriniň we buýsançlarynyň beýany boljakdygyny uly şatlyk bilen mälim etdiler.