Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şu ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda 2023-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Karara gol çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen taýýarlanylan resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň häkimligi we beýleki edaralar tarapyndan 1,5 million, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan hem 1,5 million düýp nahaly ekiler. Munuň özi Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklarynyň geriminiň has-da giňelmegine mümkinçilik berer. Şeýlelikde, häzirki wagtda giň gerimli Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berilmegi adamlaryň saglygyny goramak hem-de doly derejeli ýaşaýşy, dynç alşy üçin amatly şertleri döretmek wezipelerinden ybaratdyr.