Daşky gurşawy arassa saklamak hem-de ilatyň saglygyny goramak berkarar döwletimizde alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bütin adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa, daşky gurşawy arassa saklamak, ilatyň saglygyny goramak babatynda Garaşsyz Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigini, ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigini aňladýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny aýap saklamak, onuň biodürlüligini baýlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda kabul edilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Ol ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyklaryň, kärhanalaryň, şeýle-de beýleki önümçilik düzümleriniň daşky gurşawa zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biodürlüligi gorap saklamaga, tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.