Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär. Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa abadançylygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn ýaşyl zolaklaryň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýandygyny aňladýar. Tebigatyň ýagdaýyna baha bermäge ýardam edýän daşky gurşawy kadalaşdyrmak we dolandyrmak ulgamy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde wajyp bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň ulgamy durnukly ösüş konsepsiýasynyň maksatlary bilen sazlaşýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň hasda ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.