Üýtgeşik köpri
«Rakotzbruk» köprüsi dünýäniň iň bir täsin ýerleriniň biridir. Ol IX asyra degişli bolup, özüniň gurluşyk takyklygy bilen meşhurdyr. Köpri we onuň suwdaky şöhlelenmesi birleşip, islendik tarapyndan seretseň-de, doly we ajaýyp daş tegelegini emele getirýär. Bu täsinlik başgaça «Şeýtan köprüsi» diýlip hem tanalýar. Görnüşinden gurluşykçylar köpriniň peýdasyna däl-de, onuň gözelligine üns beripdirler. Köpriniň iki ujunda, Germaniýanyň köp künjeginde duş gelýän tebigy bazalt daşlaryndan gurlan sütünlerine meňzedilen, inçe gaýalar gurlupdyr. Maý we sentýabr aýlary bu ýere syýahat etmegiň iň gowy we täsirli möwsümi hasaplanylýar.