Awazanyň sapaly goýnunda

11 Awgust 2022
2621

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Çagalaryň göwnejaý dynç alyp, saglyklaryny berkidýän, wagtlaryny hoş geçirýän, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen deň-duşlary bilen tanşyp, täze dostlary artdyrýan, gyzykly hem ýatdan çykmajak täsirli wakalara şaýat bolýan söýgüli mesgenleriniň biri-de, gojaman Hazaryň türkmen kenaryny jähekläp oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagydyr.

Çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemi ýedi ýerde — ýurdumyzyň welaýatlaryna degişli dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, şeýle-de «Arzuw» çagalar dynç alyş merkezinde hem-de «Daýanç» sagaldyş merkezinde tapgyrlaýyn dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Häzirki wagtda bu ýerde çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň 4-nji tapgyry dowam edýär.

(Ýörite habarçymyz).