Sebitde we dünýäde parahatçylygy goramagyň bähbidine

2 Awgust 2022
880

29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar aýdyldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň syýasy we ykdysady durnuklylygyň saklanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işjeň syýasatynyň netijeli häsiýetini giňden açyp görkezdi.

«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, daşary syýasatymyzda alnyp barylýan uly işleriň çäklerinde Milletler Bileleşiginiň ähli agza döwletleri tarapyndan kabul edilen bu resminama ýurdumyzyň döredijilikli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Täze Kararnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, Türkmenistanyň wekiliýeti ýurdumyzyň we beýleki Merkezi Aziýa döwletleriniň bu mesele barada özara ylalaşylan garaýyşlaryny beýan etmek bilen, sebitiň hyzmatdaşlyk hem-de ösüş üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de umumy ruhy, medeni we taryhy mirasa eýe bolan sebitiň halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine eýerýändikleri nygtaldy.

Begenç KARAÝEW.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty.