Ha­zar­ýa­ka port­lar: netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine

25 Iýun 2022
915

II. EÝ­RAN

Ha­zar deň­zi­niň Eýran Yslam Respublikasyna degişli ke­na­ryn­da gün­do­gar­dan gün­ba­tara çen­li Türk­men, Ho­ja­ne­pes, Gäz, Ami­ra­bad, Ne­ka, Ba­bol­sar, Fe­reý­dun­ke­nar, Nou­şehr, Çam­ha­le, Ki­ýa­şehr, Kas­pi­ýan, Ça­lus, En­ze­li, As­ta­ra ýa­ly de­ňiz port­la­ry bar. Ola­ryň için­de has äh­mi­ýet­li­si En­ze­li, Ami­ra­bad, Ne­ka, As­ta­ra, Nou­şehr ha­sap­lan­ýar. Eý­ra­nyň Port­lar we gä­mi­çi­lik gu­ra­ma­sy­nyň 2025-nji ýy­la çen­li de­ňiz ulag­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, bu ugra 2 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum­lar gö­nük­di­ril­di. Tas­la­ma­nyň çä­gin­de Eý­ran de­ňiz des­ga­la­ry­ny gur­ma­gy ma­li­ýe­leş­dir­mek ba­ra­da Sin­ga­pur bi­len yla­la­şy­ga gol çek­di.

Ju­ma­my­rat GUR­BAN­GEL­DI­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.