«Kim-de-kim bir agaç ek­se ýa­dy­gär...»

28 Aprel 2022
1505

Türkmen döwletiniň ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň halkara ykrarnamasy

Makalanyň sözbaşysynyň şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyndan alnandygyny okyjylar bilýändirler. Hawa, ýene şahyr sözi bilen aýtsak, «dünýä kitabynda adyňy bar» etmek asan iş däl. Emma ol bu ýerde agaç ekip, öz adyňy ebedileşdirmek pelsepesi arkaly türkmen halkynyň tebigat bilen elmydama bagryny badaşdyrandygyny, Ýeri ýönelige ene saýmandygyny, saýaly hem miweli baglary ekmek arkaly bakylyk kitabynda adyňy goýup bolýandygyny aýan etmek isläpdir. Türkmen aga «Kesewiňi dürtseň hem gögerer» diýýän topragynyň gudratyna şeksiz ynanýar. Şol sebäpli Garagum sährasynyň jümmüşindäki ürgün çägeli çopan goşlaryna baranyňyzda, ak öýüň öňünde adam saýalar ýaly güjüme gabat gelseňiz hem geň görmersiňiz...

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.