Jeýhunyň ýakasyndaky gadymy ýadygärlikler

11 Aprel 2022
2288

Täze taryhy döwürde şöhratly geçmişimiziň naýbaşy gymmatlyklary bolan taryhy ýadygärliklerimizi çuňňur öwrenmäge hem-de geljekki nesiller üçin gorap saklamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Uly kerwensaraýlary, şüwlümli bazarlary, metjit-medreseleri, köşkleridir galalary, ajaýyp kitaphanalary bilen gadymy Gündogaryň ruhy we medeni merkezine öwrülen türkmen topragynyň asyrlary aşyp, biziň günlerimize çenli saklanyp galan ýadygärlikleri milletimiziň buýsanjydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan medeni mirasy çuňňur öwrenilýär, döwrebap öwüşginlerde dikeldilýär hem-de baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň çägindäki köp sanly taryhy-medeni ýadygärliklerde halkara derejesine laýyklykda berkidiş-abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Diýarymyzyň çar ýanynda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler bu gün diňe bir ildeşlerimiz däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň jahankeşdeleri üçin hem arzyly ýerlere öwrülýär. Ýurdumyzyň gündogaryndan akyp geçýän Amyderýanyň boýunda taryhy-medeni ýadygärlikler barmak büküp sanardan kän. Olardan Daýahatyn kerwensaraýy, gadymy Amul galasy, Astanababa binagärlik toplumy, Alamberdar, Dargan baba kümmetleri, Osty gala, Soltannyýazbeggala, Köşkgala (Zöhre-Tahyryň galasy) ýaly taryhy ýadygärlikleri görkezmek bolar.

Şatlyk ILMYRADOW,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradakymilli müdirligiň hünärmeni.