Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi

23 Mart 2022
1333


Şu gün ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçiren mejlisinde tassyklanan tertipnama laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine şu gün — 23-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar.

«Türkmenistan».
Beýleki habarlar