Daşoguz welaýatynda galla oragynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar, ilkinji zähmet ýeňşini gazanan daýhan birleşikleriniň hatary artýar, şertnamalaýyn tabşyryklaryny berjaý eden kärendeçileriň sany köpelýär. Görogly etrabynyň «Aksaraý», Boldumsaz etrabynyň «Döwletli», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr», Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk», Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşikleri welaýat boýunça öňdäkileriň hatarynda belent sepgide ýetip, şanly ýylyň toýly günlerini uly üstünliklere beslediler. Welaýatyň obasenagat toplumynyň iri düzümleriniň biri bolan Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ussat gallaçylary ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, uly zähmet ýeňşini gazandylar. Şu ýyl hojalyk boýunça bugdaý ekilen 2420 gektar meýdandan 8 müň 524 tonna hasyl ýygnalyp, şertnamalaýyn tabşyryk 160 göterim berjaý edildi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň orak möwsüminde hojalygyň ähli düzümleriniň sazlaşykly hereket etmegi üçin degişli işler ýokary derejede guraldy. Bu paýdarlar jemgyýetinde işi ýöretmegiň, hojalygy dolandyrmagyň täze usullaryndan netijeli peýdalanylýar, ylmyň öňdebaryjy gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Bugdaýyň, pagtanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň ýokary hasyl berýän täze görnüşleriniň ilkinji synaglary yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylmagy önümçiligiň ähli ugurlary boýunça ýokary netijeler gazanmaga mümkinçilik berýär.