Keteni galasy

18 Mart 2022
2415

Was topragynyň gyrasynda gadymdan galan gala bar. Galanyň gadymylygy ýaly, ol baradaky gürrüňler hem gadymy. Ýöne muňa garamazdan, ol gyzykly gürrüň. Şeýle bolansoň, ol biziň şu günki günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Ir döwürler ol ýerde bir hanlyk bolupdyr. Ýöne hanyň ýekeje gyzy bar eken. Hanyň barha süňňi gubarlaşyp, garrylyk ýaşyna ýetýär. Onsoň, ol oýlanyp: «Meniň döwletimiň ygtybarly gola geçmegi üçin jar çekdirmegi makul bilýärin. Kimde-kim kesekiniň aýagy sekmez ýaly, şeýle bir gala galdyrsa, onuň içine hiç bir duşman girip bilmese, men öz ýeke-täk gyzymy şoňa durmuşa çykarjak!» diýipdir.

Täçsoltan KAKAJANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygynyň guramasynyň başlygy.