Türkmen alabaýy we arheologik miras

23 Fewral 2022
2521

Türkmen alabaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasynyň ajaýyp nusgasy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýip, bu jandara örän jaýdar häsiýetnama berýär.

Aziýanyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan iň gadymy medeni ojaklaryň biridir. Miladydan öňki VII-VI müňýyllyklarda ilkinji oturymly ilatyň ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanandygynyň alamatlary Aşgabadyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Jeýtun ýadygärliginde ýüze çykaryldy.

Nurgözel BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri.